Olaryň ýüreklerine Meni tanamak islegini salaryn, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler. Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn, çünki olar tutuş kalby bilen Maňa öwrülerler“.
Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.
Sürgün eden ýerlerimden halky yzyna getirenimde, olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler; ol ýerde olaryň birini-de galdyrman öz ýurtlaryna ýygnaryn.
Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.
dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, şeýle hem mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde iýersiňiz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagy öwrenersiňiz.
Emma olar has gowusyny, ýagny gökdäki watany arzuw edýärdiler. Şonuň üçin Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Hudaý hatda olar üçin bir şäher taýynlady.
Ine, ol günlerden soň Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar. Muny Reb aýdýandyr.