Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:35 - Mukaddes Kitap

35 Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

35 Огул-гызларыны Молек худайына якма гурбанлык эдип бермек үчин, олар Бенхинном дересинде Багал бутуна сеждегәхлер гурдулар. Шейле неҗис ишлер эдип, Яхуданың гүнә газанмагыны Мен буюрмадым, булар ялы затлар келләме-де гелмеди“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:35
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin seždegäh gurdy.


Ýarobgamyň öz eden hem-de Ysraýyla etdiren günäleri zerarly, Reb Ysraýyly terk eder».


Nadap Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol kakasynyň ysraýyl halkyna etdiren günäli ýollaryndan ýöredi.


Bu Ýarobgamyň Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirendigi zerarly, öz eden we Ysraýyla etdiren günäleri zerarly boldy.


Zimri Ýarobgamyň ýolundan ýöräp, Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol öz eden günäleri we Ysraýyla etdiren günäleri üçin öldi.


Meniň gaharymy getirip, ysraýyl halkyna günä etdirenligiň üçin seniň nesilleriňi-de Nebadyň ogly Ýarobgamyň we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin“.


Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.


Ýoşyýa patyşa hiç kim ogluny ýa-da gyzyny Molek üçin otdan geçirmesin diýip, Benhinnom deresindäki Topet diýen ýerini-de murdar etdi.


Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy.


Muňa garamazdan, Ýoram Nebadyň ogly Ýarobgam ýaly Ysraýyla günä etdirip, pis işleri etmekden el çekmedi.


Manaşa ogluny Benhinnom deresinde otdan geçirdi, gözbagçylyk, täleýe garamaklyk we jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol palçylyk, porhanlar bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.


Manaşa Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem has köp pis işleri etdiler.


Ähli ruhany baştutanlary bilen halk birlikde milletleriň ähli ýigrenji işlerine eýerdiler, biwepalyk çakdanaşa artdy. Olar Rebbiň Iýerusalimde mukaddes eden öýüni murdar etdiler.


Musa Haruna: «Bu halka beýle uly günä gazandyrar ýaly, bular saňa näme etdiler?» diýdi.


Dub agaçlarynyň arasynda, gür ýaprakly agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?


Küýze döwügi diýen derwezäniň golaýyndaky Benhinnom deresine git. Saňa aýtjak sözlerimi şol ýerde yglan et.


Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim.


Men siziň ýanyňyza yzly-yzyna gullarym bolan pygamberlerimi iberip: „Bu nejis işi etmäň, Men ony ýigrenýärin“ diýdim.


Ýahuda halky Meniň nazarymda erbet işleri etdi, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olar Meniň adym dakylan öýde nejis zatlaryny goýup, ony murdar etdiler.


Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi.


Olar zyna etdiler, elleri gan dökdi; butlary bilen zyna etdiler. Maňa dogran çagalaryny-da iýmit hökmünde olaryň butlaryna hödürlediler.


Öz perzentleriňden hiç birini Molek buty üçin gurbanlyk etme. Çünki şeýle etmek bilen sen öz Hudaýyň adyna ysnat getirersiň. Men Rebdirin.


Ýok, Molek hudaýyňyzyň çadyryny, Repa hudaýyňyzyň ýyldyzyny, sežde etmek üçin öz ýasan butlaryňyzy göterip gezdiňiz, Şonuň üçin sizi Babylyň aňyrsyna sürgün ederin“.


Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar.


Siziň araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň, jadygöýlik etmäň.


kowup goýberen birinji äri onuň haramdygy üçin, ony ikilenç özüne aýal edip almaga hakly däldir, çünki beýle etmek Rebbe nejislikdir. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berýän ýerini harama çykarmaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ