Ol Aşera butuny Rebbiň öýünden Iýerusalimiň daşyna, Kidron deresine çykaryp, şol ýerde ýakdy. Onsoň ony ýenjip, kül edip, külüni adamlaryň gabyrlarynyň üstüne sepdi.
Manaşa keseki taňrylary we öz goýan oýma butuny Rebbiň öýünden aýyrdy, Rebbiň öýüniň dagyndaky we Iýerusalimdäki ähli gurbanlyk sypalaryny ýumrup, olaryň hemmesini şäheriň daşyna taşlady.
Ähli ruhany baştutanlary bilen halk birlikde milletleriň ähli ýigrenji işlerine eýerdiler, biwepalyk çakdanaşa artdy. Olar Rebbiň Iýerusalimde mukaddes eden öýüni murdar etdiler.
Çünki bu halk Meni terk etdi, bu ýeri harama çykardy. Olar ata-babalarynyň hem, Ýahuda patyşalarynyň hem tanamaýan başga hudaýlaryna sadakalar hödür etdiler, bu ýeri bigünä dökülen gandan doldurdylar.
Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim.
Indi bolsa siz toba edip, Meniň nazarymda dogry işleri etdiňiz. Her biriňiz öz ýewreý doganyňyzyň azatlygyny yglan etdiňiz. Huzurymda, adym dakylan öýde bu barada äht baglaşdyňyz.
Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi.