Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:31 - Mukaddes Kitap

31-32 Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilaty, olaryň patyşalary, han-begleri, ruhanylary, pygamberleri, ýagny ysraýyl we ýahuda halklarynyň bary diňe pislik edip, Meniň gaharymy getirdi. Bu şäheriň bina edilen gününden tä şu güne çenli Meniň gaharymy getirendigi üçin, ony nazarymdan ýok edip taşlajak.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

31-32 Яхуданың ве Иерусалимиң илаты, оларың патышалары, хан-беглери, руханылары, пыгамберлери, ягны ысрайыл ве яхуда халкларының бары диңе пислик эдип, Мениң гахарымы гетирди. Бу шәхериң бина эдилен гүнүнден тә шу гүне ченли Мениң гахарымы гетирендиги үчин, оны назарымдан ёк эдип ташлаҗак.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:31
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy.


Şeýle hem ol Ysraýyla günä etdiren Nebadyň ogly Ýarobgamyň Beýtelde guran gurbanlyk sypasyny seždegäh bilen birlikde ýykdy. Ýoşyýa seždegähi kül-peýekun edip, ony ýakdy we Aşera butuny hem ýakdy.


Reb şeýle diýdi: «Men Ysraýyly huzurymdan ýok edişim ýaly, Ýahudany-da huzurymdan ýok ederin. Men saýlan şäherim Iýerusalimi we „Maňa şu ýerde ybadat ediler“ diýen öýümi-de terk ederin».


Şonuň üçin hem Men sizi terk edip, sizi-de, özüňize we ata-babalaryňyza beren şäherimi-de huzurymdan aýryp taşlaryn.


Olar size ýalandan pygamberlik edýärler. Munuň netijesinde Men sizi ýurduňyzdan aýryp, sürgün ederin we siz heläk bolarsyňyz.


Iýerusalim agyr günä etdi, şeýdip, ol gülki boldy. Öňki sylaýanlar ýalaňaçlygyny görüp, indi ony ýigrenýärler. Munuň üçin onuň özi ah çekip, hemmelerden ýüzüni gizleýär.


Eý, Taňry, ähli adalatly işleriňe görä, gahar-gazabyňy Öz şäheriň Iýerusalimden, mukaddes dagyňdan sow. Biziň günälerimiz we ata-babalarymyzyň ýazygy sebäpli Iýerusalim we Seniň halkyň daş-töweregimizdäki ähli halklara masgara boldy.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem seniň çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ