Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:30 - Mukaddes Kitap

30 Çünki ysraýyl we ýahuda halklary ýaşlygyndan bäri Meniň nazarymda diňe erbet işleri etdiler. Ysraýyl halky elleriniň işi bilen hemişe Meniň gaharymy getirdi. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

30 Чүнки ысрайыл ве яхуда халклары яшлыгындан бәри Мениң назарымда диңе эрбет ишлери этдилер. Ысрайыл халкы эллериниң иши билен хемише Мениң гахарымы гетирди. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:30
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Emma olar pitne turzup, Onuň Mukaddes Ruhuny ynjatdylar; Reb-de olara duşman bolup, garşylaryna söweşdi.


Ysraýyl bilen ýahuda halky pislik etdi, olar Bagal butuna sadakalar hödür edip, Meniň gaharymy getirdiler. Şonuň üçin seni ekip oturdan Men Hökmürowan Reb başyňdan betbagtlyk indermegi karar etdim“».


Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip, getirdim Men sizi bereketli ýere. Emma gireniňizde ol ýere, haram etdiňiz siz ülkämi, nejis zada öwürdiňiz mülkümi.


Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň.


Başga hudaýlara gulluk we sežde etjek bolup, olaryň yzyna düşmäň. Elleriňiziň işi bilen Meniň gaharymy getirmäň, Men-de size zyýan ýetirmäýin“.


Ýöne siz Meni diňlemediňiz. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Öz elleriňiziň işleri bilen gaharymy getirip, özüňize zeper ýetirdiňiz.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Ähli oýnaşlaryň seni unutdy, olar seni sorap agtarmaýarlar, ýazygyňyň çökderdigi sebäpli, günäleriňiň san-sajaksyzdygy üçin seni duşman zarbasy bilen urdum, saňa rehimsizlik bilen jeza berdim.


«Özüňe düýrlenen kagyz al-da, Ýoşyýanyň döwründe seniň bilen gepleşen günümden tä şu güne çenli Ysraýyl, Ýahuda we ähli milletler hakynda saňa aýdanlarymyň baryny ýaz.


Näme üçin ornaşmaga barýan ýurduňyz bolan Müsürde başga hudaýlara tütetgi ýakyp, öz eden işleriňiz bilen Meniň gaharymy getirýärsiňiz? Siz öz başyňyzdan betbagtlyk inderip, dünýäniň ähli milletleriniň arasynda özüňizi nälete we utanja sezewar edersiňiz.


Ine, eziz halkymyň perýady ýeriň aňry ujundan eşidilýär: «Reb Sionda dälmidir? Onuň Patyşasy ol ýerde dälmi?» «Näme üçin olar özleriniň ýigrenji zatlary, özge nejislikleri bilen gaharymy getirdiler?»


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Ýöne olar Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar, Meni diňlemek islemediler; olaryň hiç biri gözlerine ýakymly görünýän nejis zatlaryny taşlamady, Müsür butlaryny-da terk etmedi. Onsoň Men gahar-gazabymy Müsürde olaryň başyndan inderjekdigimi aýtdym.


Olar ýaşkalar Müsürde loly bolup, zyna etdiler. Ol ýerde olaryň mämeleri ellendi we gyz göwüsleri gysymlandy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ