Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:24 - Mukaddes Kitap

24 Ine, duşmanlar şäheri ele salmak üçin ýapgytlar gurdular. Gylyç, açlyk we mergi sebäpli şäher öz garşysyna söweşýän babyllylaryň eline berildi. Öz görşüň ýaly, Seniň aýdanlaryň ählisi berjaý boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Ине, душманлар шәхери эле салмак үчин япгытлар гурдулар. Гылыч, ачлык ве мерги себәпли шәхер өз гаршысына сөвешйән бабыллыларың элине берилди. Өз гөршүң ялы, Сениң айданларың әхлиси берҗай болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:24
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar baryp, Abelbeýtmagaka galasynda ony gabawa saldylar. Galanyň diwaryna çykmak üçin ýapgyt gurdular we diwary ýykmak üçin ony opurmaga başladylar.


Reb Aşur patyşasy barada şeýle diýýär: «Ol bu şähere girmez, ok atmaz, bu şäheriň garşysyna galkanly çykmaz we şäheriň diwaryna ýaplap ýapgydy dikmez.


Olar agyr kesellerden ölerler, olar üçin ýas tutulmaz, jesetleri jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly bolup ýatarlar. Olar gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Jesetleri guşlara we ýyrtyjy haýwanlara şam bolar.


Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler.


Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olaryň üstüne gylyjy, açlygy, mergini ýollaryn. Olary iýip bolmaýan çüýrük injirler kimin ederin.


Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin.


Ýa Hökmürowan Reb! Şäher babyllylaryň eline berilse-de, Sen maňa: „Şaýatlaryň gatnaşmagynda ekin meýdanyny kümüş berip, özüňe satyn al“ diýdiň».


Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: „Men bu şäheri babyllylaryň we Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline bererin, ol ony basyp alar.


Ýahuda patyşasy Sidkiýa ony tussag edip, şeýle diýdi: «Sen näme üçin beýle pygamberlik etdiň? Sen Reb şulary aýdýar diýdiň: „Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony basyp alar.


Şonuň üçin hem, siziň „Gylyç, açlyk, mergi bilen Babyl patyşasynyň eline berildi“ diýýän bu şäheriňiz hakda Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär:


Ol Sidkiýany Babyla äkider. Men Sidkiýa bilen Özüm hasaplaşýançam, ol şol ýerde bolar. Babyllylaryň garşysyna söweşseňiz hem ýeňiş gazanmarsyňyz“. Muny Reb aýdýandyr».


Ýapgytlar bilen çozujylardan goranmak üçin ýykylan bu şäheriň öýleridir Ýahudanyň patyşalarynyň köşkleri hakynda Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär:


Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Gul bolan öz garyndaşlaryňyzy, dost-ýarlaryňyzy boşatmak barada siz Maňa gulak asmadyňyz. Indi Men-de sizi gylyç, mergi, açlyk belalaryndan goramakdan boş. Sizi dünýäniň ähli patyşalyklary üçin howpa döndererin. Muny Reb aýdýandyr.


Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar tutuş goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, daş-töwereginde ýapgyt gurdular.


Dördünji aýyň dokuzyna şäherde açlyk güýjäp, ýurduň ilaty iýmäge çörek tapmady.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimiň agaçlaryny kesiň, diwaryna çykmak üçin ýapgyt guruň. Bu şäher jezalandyrylmalydyr, munuň içinde zulumdan başga zat ýokdur.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.


Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar.


Weýran! Weýran! Şäheri weýran ederin! Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz. Soňra Men şäheri oňa bererin».


Eý, Sur galasy, olar saňa garaşly şäherlerde ýaşaýanlary gylyçdan geçirerler, garşyňa berkitmeler salyp, diwaryňa çykmak üçin ýapgytlar gurarlar we galkanlaryny seniň garşyňa goýarlar.


Onuň daşyny gaba, garşysyna berkitmeler sal, diwaryna çykmak üçin ýapgyt gur; düşelgeler dik, töwerek-daşynda diwar ýykýan pürsler ýerleşdir.


Patyşalary masgaralaýarlar, hökümdarlary ýaňsylaýarlar, galalaryň üstünden gülýärler, ýanynda depe ýasap, ele salýarlar.


Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».


Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.


Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ