Meni atamyň öýünden alyp gaýdyp: „Bu ýeri seniň nesliňe berjek“ diýip, wada eden Gögüň Hudaýy Reb Öz perişdesini seniň öňüňden iberer. Şeýdip, sen ol ýerden oglum üçin bir gyz taparsyň.
Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.
Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.
Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.
Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.
Şeýtseňiz, Men ata-babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermegi ant içip, beren sözümi ýerine ýetirerin’. Ine, görşüňiz ýaly, ony size berdim“». Onsoň men: «Goý, şeýle bolsun, ýa Reb!» diýip jogap berdim.
Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.
„Meniň siz üçin ata-babalaryňyza söz beren gowy ýurdumy Ýepunne ogly Kalepden başga bu pis nesliň hiç biri görmez. Muny diňe Kalep görer. Men-Rebbe ýürekden wepalydygy üçin Men oňa we onuň nesillerine aýak basan ýurduny berjek“ diýdi.
Ine, Men bu ýurdy siziň öňüňizde goýdum. Meniň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba we olaryň nesillerine bermegi wada eden ýurduma gidiň-de, ony mülk ediniň“».
Rebbiň nazarynda dogry we gowy işler ediň, şonda gowy günler görersiňiz. Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna baryp, ony özüňize mülk edinersiňiz.
Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer.
«Bu günki meniň berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Şonda siz ýaşarsyňyz, köpelersiňiz we Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.