Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:20 - Mukaddes Kitap

20 Sen Müsür ýurdunda alamatlar, mugjyzalar görkezdiň. Bu alamatlary Ysraýylda we tutuş adamzat arasynda hem görkezip, şu güne çenli Özüňe at gazandyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Сен Мүсүр юрдунда аламатлар, мугҗызалар гөркездиң. Бу аламатлары Ысрайылда ве тутуш адамзат арасында хем гөркезип, шу гүне ченли Өзүңе ат газандың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:20
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri we olaryň hudaýlaryny olaryň öňünden kowup çykardyň.


Ýer ýüzünde Seniň halkyň Ysraýyla taý geljek halk barmyka?! Öz halkym bolsun diýip, Sen ony Müsür gulçulygyndan halas etdiň, beýik hem aýylganç işler bilen Öz adyňy şöhrata beslemek üçin beýleki milletleri olaryň öňünden kowup çykardyň.


Faraonyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň.


Deňziň ortasynda gury ýerden geçerleri ýaly, Sen olaryň öňünde deňzi ikä böldüň. Olaryň yzlaryndan kowalaýanlary bolsa çuňluga, daş bölegi ýaly möwç urýan suwlara taşladyň.


Gije höküm sürer ýaly Aýy, ýyldyzlary ýaradan Oldur, Onuň söýgüsi baky.


Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.


Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer.


Emma Men faraony doňýürek adam ederin. Hatda Men Müsürde alamatlarymyň we gudratlarymyň sanyny köpeltsem-de,


Emma Men size Öz güýjümi görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen sizi diri saklap ýörün.


Gudratly goluny Musanyň sagynda ýöreden, Özüne ebedi at edinmek üçin öňlerindäki suwy bölen nirede?


Derä inýän mal sürüsi dek, Rebbiň Ruhy olara rahatlyk berdi. Özüňe şöhratly at edinmek üçin halkyňa, ine, şeýle ýol görkezdiň.


Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn. Olaryň Maňa at-abraý, öwgi we şöhrat getirjek Öz halkym bolmagyny isledim, emma olar gulak asmadylar. Muny Reb aýdýandyr“.


Şeýdip, patyşa Darýuşyň we Pars patyşasy Kureşiň döwründe Danyýel rowaçlandy.


Eý, Taňry Hudaýymyz, Sen Öz halkyňy gudratly goluň bilen Müsürden çykardyň. Bu günki ýaly Öz adyňy-da şöhratlandyrdyň! Biz bolsa günä gazandyk, erbetlik etdik.


Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi.


Müsüriň patyşasy faraona hem onuň tutuş ýurduna görkezen alamatlarydyr gudratlaryny,


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


Reb Müsüre, faraona we onuň tutuş hojalygyna garşy gözümiziň alnynda beýik we gorkunç alamatlardyr mugjyzalar görkezdi.


Öz gözüňiz bilen gören beýik synaglary, alamatlary, mugjyzalary, güýç-gudraty bilen Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden çykaryp getirdi. Hudaýyňyz Reb siziň gorkýan halklaryňyzyň hemmesini-de şeýle eder.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ