Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:2 - Mukaddes Kitap

2 Şol wagt Babyl patyşasynyň goşuny Iýerusalimi gabapdy. Ýermeýa pygamber Ýahuda patyşasynyň köşgündäki garawulhanada tussaglykda saklanýardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Шол вагт Бабыл патышасының гошуны Иерусалими габапды. Ермея пыгамбер Яхуда патышасының көшгүндәки гаравулханада туссаглыкда сакланярды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:2
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar bütin goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, onuň daş-töwereginde ýapgyt gurdular.


Uzaýyň ogly Palal diwar öwrüminiň garşysyny we garawulhana howlusynyň ýanyndaky ýokarky köşgüň diňini dikeltdi. Onuň gapdalynda Paroşyň ogly Pedaýa bilen Ofelde ýaşaýan ybadathana hyzmatkärleri gündogarda Suw derwezesiniň gabadyna we garawul diňine çenli aralykdaky diwar bölegini dikeltdiler.


Hudaý mukaddesler maslahatynda örän haýbatly, töweregindäkileriniň hemmesinden wehimli.


Ýahuda patyşasy Sidkiýa ony tussag edip, şeýle diýdi: «Sen näme üçin beýle pygamberlik etdiň? Sen Reb şulary aýdýar diýdiň: „Men bu şäheri Babyl patyşasynyň eline bererin, ol ony basyp alar.


Şeýlelikde, Rebbiň sözüne görä daýymyň ogly Hanamel garawulhana, meniň ýanyma gelip: «Benýamin topragynda ýerleşýän Anatot obasyndaky meniň ekin meýdanymy satyn alsana, sebäbi miras hukugy boýunça ony satyn almaga sen borçlusyň. Ony özüň üçin satyn al» diýdi. Şonda men bu sözüň Rebbiňkidigini bildim.


Ýermeýa garawulhanada henizem tussaglykda saklanýarka, oňa ikinji gezek Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi:


Ýermeýa Baruga şeýle buýruk berdi: «Maňa Rebbiň öýüne barmak gadagan.


Ýermeýa gaharlary gelen ýolbaşçylar, ony ýenjip, tussaghana taşladylar. Bu zyndan öň Ýonatan kätibiň öýüdi.


Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.


Ýermeýa heniz tussag edilmändi, ol halkyň arasyna arkaýyn çykýardy.


Şeýdip, Ýermeýany tanap bilen çekip, guýudan çykardylar. Ýermeýa garawulhanada galdy.


Onsoň Ýermeýany tutup, patyşanyň ogly Malkyýanyň gurruk guýusyna taşladylar, ol guýy garawullaryň howlusynda ýerleşýärdi. Ony tanap bilen aşak salladylar. Guýuda suw ýokdy, diňe läbik bardy. Ýermeýa läbige batdy.


Şatlanyň, begeniň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Sizden öň pygamberler-de şeýdip yzarlandylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ