Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:18 - Mukaddes Kitap

18 Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Сен мүңлерче ынсанлара садык сөйгиңи гөркезйәрсиң, эмма аталарың этмишиниң җезасыны оларың чагаларына чекдирйәрсиң. Эй, бейик ве гудратлы Худай! Сениң адың Хөкмүрован Ребдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:18
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Ýakubyň Gudratly Hudaýy, Ysraýylyň Çopany, Gaýasy tarapyndan onuň ýaýy berk, gollary gujurly edildi.


„Düýn Men Nabodyň we onuň ogullarynyň ganyny Öz gözüm bilen gördüm. Men – Reb almytyňy edil şu mellekde berjekdigimi aýdýandyryn“. Şonuň üçin hem ony häzir Rebbiň aýdyşy ýaly mellege taşla».


Men şeýle diýdim: «Eý, Gögüň Hudaýy Reb, beýik we haýbatly Hudaý! Sen Özüňi söýüp, tabşyryklaryňy berjaý edýänler bilen ähtiňi hem sadyk söýgiňi saklaýaň.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawut Batşeba bilen günä edenden soň, Natan pygamber onuň ýanyna gelýär. Şonda Dawudyň aýdan mezmury.


Ähli günlerimiz gazabyňyň astynda geçýär, ýyllarymyz bir dem kimin soňlanyp barýar.


Reb Musanyň öňünden geçip, şuny jar etdi: «Men Rebdirin, Rebdirin! Rehimli we merhemetli Hudaýdyryn. Men giň göwünli, örän wepaly, sadyk söýgä baýdyryn.


Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».


Aman galanlar, Ýakubyň aman galanlary gudratly Hudaýa dolanarlar.


Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.


Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.


Emma Ýakubyň paýy beýle däldir, çünki ähli zatlary ýaradan Hudaýdyr, Ysraýyl tiresi Onuň mirasydyr, Onuň ady Hökmürowan Rebdir.


Saňa meňzeş ýokdur, ýa Reb. Sen beýiksiň, gudratda adyň beýikdir.


Emma Reb batyr söweşiji kimin meniň bilendir, şonuň üçin meni yzarlaýanlar büdrärler, ýeňip bilmezler. Üstünlik gazanyp bilmändikleri üçin, olar erbet utanja galarlar. Olaryň utanjy ebedilik bolar, hiç wagt unudylmaz.


Gündizine yşyk bolsun diýip, Güni beren, gijesine yşyk bolsun diýip, Aýyň we ýyldyzlaryň kanunlaryny düzen, tolkunlar güwwüldeşer ýaly, deňzi öjükdiren Reb, ady Hökmürowan Reb şeýle diýýär:


«Ýeri ýaradan, oňa şekil berip, berkarar eden, ady Reb Bolan şeýle diýýär:


Emma Ysraýylyň Penakäri güýçlüdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir. Ol Ysraýylyň işini derňäp, ýurda rahatlyk berer, emma Babylyň ilatyna biynjalyk berer».


Seniň özüňiň görşüň ýaly, adam eli degmezden dagdan gopan daş demri, bürünji, toýny, kümşi we altyny çym-pytrak etdi. Beýik Hudaý mundan soň nämeleriň boljagyny patyşa aýan etdi. Bu düýş dogrudyr we onuň ýorgudy-da hakykatdyr!»


Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllylary bize höküm etsin diýip saýladyň, eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.


Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň.


Ähli halk: «Onuň ganyna biz we çagalarymyz jogapkär!» diýip jogap berdi.


Beriň, size-de berler. Hyryn-dykyn doldurylyp, pürepür edilip, gujagyňyzy dolup-daşýan ölçeg bilen doldurylyp berler. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler».


Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlik etmeýär we para almaýar.


Olardan gorkmaň, çünki siziň araňyzdaky Hudaýyňyz Reb beýik we haýbatly Hudaýdyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ