Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 32:10 - Mukaddes Kitap

10 Şaýatlar çagyryp, şertnama ýazyp möhürledim we kümşi terezide çekdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Шаятлар чагырып, шертнама язып мөхүрледим ве күмши терезиде чекдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 32:10
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym Epron bilen ylalaşdy we Epronyň hetlere eşitdirip aýdan mukdarynda, söwdagärleriň arasyndaky ölçege görä ölçäp, oňa kümüş berdi.


Şeýlelikde, hetleriň şol mülki ondaky gowak bilen bile Ybraýyma gonamçylyk üçin berildi.


Ýazygym torba salnyp möhürlener, etmişimiň üstüni örtersiň.


Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.


Indi git-de, muny ýasy daş bölegine ýaz, düýrlenen kagyza geçir. Bu geljekki günler üçin ebedi şaýat bolsun!


Biri: „Men Rebbiňki“ diýer, beýlekisi öz adyna Ýakup dakar, ýene biri: „Rebbiňki“ diýip ýazar eline, özüni Ysraýyl diýip atlandyrar».


Men satuw şertnamasyny daýymyň ogly Hanameliň, oňa gol çeken şaýatlaryň we garawulhanada oturan ähli ýahudalaryň gözleriniň alnynda Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Baruga berdim.


Ýa Hökmürowan Reb! Şäher babyllylaryň eline berilse-de, Sen maňa: „Şaýatlaryň gatnaşmagynda ekin meýdanyny kümüş berip, özüňe satyn al“ diýdiň».


Benýamin topragynda, Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde, Ýahuda galalarynda, daglyk galalarda, günbatar baýyrlykda we Negep galalarynda ekin meýdanlary kümşe satyn alnyp, şertnamalara gol çekiler, möhürlenip, şaýatlar çagyrylar. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr».


Agşam we ertir baradaky saňa görkezilen bu görnüş hakykatdyr. Emma bu görnüşi gizlin sakla, çünki ol uzak bir gelejege degişlidir».


Olar hem esgerler bilen gidip, mazaryň agzyndaky daşy möhürlediler-de, garawul goýup, mazary gorag astynda saklatdylar.


Emma Onuň şaýatlygyny kabul eden kişi Hudaýyň hakdygyny tassyklaýandyr.


Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.


möhürläp, bularyň kepili hökmünde ýüregimize Mukaddes Ruhuny berdi.


Indi siz hem hakykat sözüni, ýagny halas bolmak baradaky Hoş Habary eşidip, Mesihe iman etdiňiz. Şoňa görä-de Hudaýyň wada beren Mukaddes Ruhy bilen möhürlendiňiz.


Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.


Meniň ýanymda saklanmaýarmy bular, hazynalarymda möhürlenen dälmi näme?


Şeýlelikde, adamlar ýerleriň içinden geçip, olary galama-gala ýedi bölege bölüp, gözden geçiriş kitabyna ýazdylar. Soňra olar Şilodaky düşelgä – Ýeşuwanyň ýanyna gaýdyp geldiler.


Olara ýere, deňze zyýan ýetirmeklik ygtyýary berlipdi. Soňra gündogardan ýokary çykyp barýan perişdäni gördüm. Onda Diri Hudaýyň möhüri bardy. Ol şol dört perişdä batly gygyryp, şeýle diýdi:


Olara ýer ýüzüniň otuna, ösümligine ýa-da agajyna däl-de, diňe maňlaýynda Hudaýyň möhüri bolmadyk adamlara zyýan ýetirmek buýruldy.


Bowaz galanyň derwezesiniň agzyna gelip oturdy. Şol wagt Bowazyň: «Ol saňa has ýakyn hossardyr» diýen adamy geçip barýardy. Bowaz ony gören badyna adyny tutup: «Bärik sowul, gel, şu ýerde otur» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Ol gelip oturdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ