Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 31:7 - Mukaddes Kitap

7 Çünki Reb şeýle diýýär: «Ýakup üçin begençli aýdym aýdyň, milletleriň baştutany üçin batly gygyryň. Jar ediň, öwgüler aýdyp, şeýle diýiň: „Ýa Reb, halas et halkyňy, Ysraýylyň aman galanlaryny“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Чүнки Реб шейле диййәр: «Якуп үчин бегенчли айдым айдың, миллетлериң баштутаны үчин батлы гыгырың. Җар эдиң, өвгүлер айдып, шейле дийиң: „Я Реб, халас эт халкыңы, Ысрайылың аман галанларыны“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 31:7
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Eklenmek üçin der dökmegiňiz, ir turup, giç ýatmagyňyz puçdur. Hawa, Ol söýýänine hatda ýatyrka-da rysgal berýändir.


Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Nagma.


Eger Hökmürowan Reb birnäçämizi aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik.


Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.


Ýahuda nesilleriniň gutulyp aman galanlary ýene-de aşakda kök urup, ýokarda miwe bererler.


Onuň alyhezreti Aşur patyşasynyň iberen baş weziriniň diri Hudaýy masgaralamak üçin aýdan sözlerini, belki, Hudaýyň Reb eşidendir; Hudaýyň Reb şol sözleri üçin olary jezalandyrar. Indi aman galan adamlar üçin dileg et“».


Aýdym aýdyň, eý, gökler, çünki muny Reb etdi; gygyryşyň, eý, ýeriň çuňluklary; eý, daglar, jeňňel we ondaky agaçlar şatlykdan aýdym aýdyň, çünki Ýakuby Reb azat etdi, Ysraýylda Özüni şöhratlandyrdy.


Diňläň! Garawullaryň seslerini gataldýar, şatlanyp, bile aýdym aýdýarlar; Rebbiň Siona gaýdyp gelşini öz gözleri bilen görerler olar.


Olaryň nesilleri milletleriň arasynda, zürýatlary halklaryň arasynda tanalar, görenleriň ählisi olaryň Rebbiň ýalkan halkydygyny bilerler».


Rebbe nagma aýdyň, Rebbe alkyş okaň! Çünki garybyň janyny ýaramazlaryň elinden Ol halas etdi.


Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler.


Dogrudan-da, depelerden, daglardan gelýän gykylykdyr gowgalar ýalandyr. Hakykatdan hem Hudaýymyz Reb Ysraýyly halas edýär.


Olar gelip, Sionyň belent depesinde aýdym aýdarlar, Rebbiň beren bereketlerine: bugdaýa, şeraba, ýaga, owlak-guza we gölelere begenip, göwnühoş bolarlar. Olar suwarylan bag kimin bolarlar, asla solmazlar.


Wah, öň adamdan doly şäher, indi ýalňyz boşap galdy! Milletler arasynda beýik bolan indi dul hatyna meňzäp galdy! Öň welaýatlaryň melikesi bolan, indi gyrnaga öwrüldi!


Emma Men birnäçäňizi aman galdyraryn. Käbiriňiz milletleriň arasynda gylyçdan gaçyp gutularsyňyz we başga ýurtlara dargadylarsyňyz.


Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».


Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar».


Ýamanlygy ýigrenip, ýagşylygy söýüň, kazyýetde adalaty berkarar ediň. Belki şonda Reb Hökmürowan Hudaý Ýusubyň aman galanlaryna merhemet eder.


«Eý, Ýakubyň nesilleri, Men hökman ähliňizi bir ýere ýygnaryn. Ysraýyllardan aman galanlaryny bir ýere toplaryn. Men sizi agyldaky goýunlar kimin, örüdäki süri kimin bir ýere getirerin. Ýurduňyz ýene-de adamdan dolar».


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Munuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb Öz barlygyndan ant içip, şeýle diýýär: «Mowap halkyny Sodom kimin, Ammon halkyny Gomora kimin gyraryn! Bu ýurtlar tikenekli otlardan, duzly çukurlardan dolup, baky haraba öwrülerler. Aman galan halkym Mowaby, Ammony talar, gutulan milletim ol ýurtlary eýelär».


Şonuň ýaly häzirki wagtda hem Hudaýa sadyk galanlar bar. Olar Hudaýyň merhemetine görä saýlananlardyr.


Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar.


Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen size berýän buýruklaryna boýun egip, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Reb sizi aýakda däl-de, başda goýar.


Onuň halky bilen şatlanyň, eý, halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, olary günäsinden saplar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ