Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 31:6 - Mukaddes Kitap

6 Gözegçileriň Efraýym daglarynda: „Turuň, Hudaýymyz Rebbiň ýanyna, Siona çykalyň“ – diýip gygyrjak günleri geler».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Гөзегчилериң Эфрайым дагларында: „Туруң, Худайымыз Реббиң янына, Сиона чыкалың“ – дийип гыгырҗак гүнлери гелер».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 31:6
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň Abyýa Efraýym daglygynda bolan Samaraýym dagynyň üstünde durup, şeýle diýdi: «Eý, Ýarobgam we bütin ysraýyl halky, maňa gulak asyň!


Şondan soňra Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes – ýahuda we benýamin tireleriniň urugbaşylary hem-de ruhanylardyr lewileri baryp, Rebbiň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar.


Eý, bizi halas eýleýän Hudaý, bagtyýar günlerimizi ýene-de gaýtar, bize bolan gahar-gazabyňdan el göter.


Şol gün uly surnaý çalnar; Aşur ýurdunda heläk bolanlar, Müsüre sürgün edilenler gelip, Iýerusalimdäki mukaddes dagda Rebbe ybadat ederler.


Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň.


Eý, Iýerusalim, diwarlaryňda gözegçiler goýdum, gije-gündiz asla dymmaz olar. Eý, Rebbe ýatladýanlar, özüňize dynç bermäň,


Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siona getirerin.


Olar gelip, Sionyň belent depesinde aýdym aýdarlar, Rebbiň beren bereketlerine: bugdaýa, şeraba, ýaga, owlak-guza we gölelere begenip, göwnühoş bolarlar. Olar suwarylan bag kimin bolarlar, asla solmazlar.


Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin, ol Karmelde, Başanda otlap, Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar.


Men siziň üstüňizden gözegçi goýup: „Surnaýyň sesine gulak asyň!“ diýdim. Emma olar: „Gulak asmarys“ diýdiler.


«Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi belledim. Meniň her bir aýdýan sözümi diňle-de, Menden olara duýduryş ber.


«Eý, ynsan ogly! Men bir ýurduň üstünden gylyç inderenimde, ol ýurduň halky öz arasyndan bir adamy saýlap, özlerine gözegçi goýjakdygyny ildeşleriňe aýt.


Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».


Pygamber meniň Hudaýymyň Efraýymda goýan garawulydyr. Ýöne onuň ugran ýollarynda duzak gurdular. Hudaýyň öýünde-de oňa ýigrenç bar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ