Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 31:32 - Mukaddes Kitap

32 Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

32 Бу әхт Мениң оларың ата-бабаларының эллеринден тутуп, Мүсүрден чыкаран гүнүм баглашан әхтим ялы дәлдир. Мен оларың Хоҗайыны болсам-да, олар шол әхтими боздулар». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 31:32
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.


Öz duşmanlaryňyň seslerini unutma; Saňa garşy baş galdyrýanlaryň gohy dyngysyz artýar.


Şonuň üçin hem indi siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir.


Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler».


Ýaryna söýenip, çölden çykyp gelýän kim? Alma agajynyň astynda oýardym seni. Eneň şol ýerde dünýä inderdi seni, ol şol ýerde agyry çekip, dogurdy seni.


Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Hudaýyňyz Men – Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin“ diýýän Mendirin.


Ýaradyjyň seniň äriňdir, Onuň ady Hökmürowan Rebdir; Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir, Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.


Olara Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diý: „Bu ähtiň şertlerine gulak asmadyk adama nälet bolsun!


Men ata-babalaryňyzy Müsürden – demir ojagyndan çykaran günüm olara şeýle buýruk berdim: ‘Meniň sözüme gulak asyp, Meniň buýran ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz Meniň halkym, Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn.


«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.


Olara şeýle jogap bererler: ‘Olar özleriniň Hudaýy Rebbiň ähtini terk etdiler, başga hudaýlara sežde we gulluk etdiler’“.


Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siona getirerin.


«Şol döwürde Men ähli Ysraýyl tireleriniň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar». Muny Reb aýdýandyr.


Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýdi: «Men ata-babalaryňyzy Müsür ýurdundan, ýagny gul bolup ýaşan ýurdundan çykaran günüm olar bilen äht baglaşyp, şeýle diýipdim:


„Özlerini gul edip satyp, size alty ýyl gulluk eden ýewreý doganyňyzy ýedinji ýylda azatlyga goýberiň“. Ýöne siziň ata-babalaryňyz Meni diňlemediler, gulak asmadylar.


Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Men sizi gözden geçirip, ähte boýun bolmaga mejbur ederin.


Ulusynyň ady Ohola, kiçisiniňki bolsa Oholybady. Olar Meniňki boldular, ogullar we gyzlar dogurdylar. Atlaryna görä Ohola Samariýadyr, Oholyba Iýerusalimdir.


«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym.


«Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy, teninden azgynlygy aýyrsyn.


Reb maňa şeýle diýdi: «Sen ýene git-de, aýalyňy getir. Oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de, ony söý. Ine, ysraýyl halky-da başga hudaýlara köňül berip, butlara kişmişli külçeleri hödür etmegi halaýarlar. Emma Men şonda-da olary söýýärin».


Isa kör adamyň elinden tutup, ony obanyň daşyna çykardy. Isa onuň gözlerine tüýkürip, ellerini onuň başyna goýup: «Bir zat görýärsiňmi?» diýip sorady.


Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.


Müňbaşy ýigidi goltuklap, bir gyra çekdi-de, ondan: «Sen maňa näme hakda habar bermekçi?» diýip sorady.


Men sizi Hudaýyň gabanjaňlygy bilen gabanýandyryn. Sebäbi men sizi ýeke-täk bir Ýigide, ýagny Mesihe adaglap, sizi Oňa päk gyz hökmünde niýetledim.


Çölde ýol boýy ýöriş edip, şu ýere gelip ýetýänçäňiz, edil enäniň öz çagasyny elinde göterip gelşi ýaly, Hudaýyňyz Rebbiň sizi nähili gorap getirendigini özüňiz gördüňiz.


Ine, Horepde edilen ähtden daşary, Rebbiň Musa Mowapda ysraýyllar bilen baglaşmagy buýran ähtiniň şertleri şulardyr.


Bu Kanun kitabynda ýazylan ähtiň ähli näletleri boýunça, olar betbagtçylyga duçar bolar ýaly, Reb olary Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan aýratyn goýar.


Ähli milletler: „Reb bu ýurdy näme üçin beýle etdikä? Bu gahar-gazabyň sebäbi nämekä?“ diýşip geň galarlar.


Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki keseki halklaryň hudaýlaryna sežde etmek bilen zyna ederler. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.


Çünki Men olary ata-babalaryna wada eden ýurduma – süýt we bal akýan ýurda getirenimde, olar iýip-içip, garynlary dok bolup mesirgäp, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk ederler. Meni ýigrenip, Meniň ähtimi bozarlar.


Hudaýymyz Reb Horepde biziň bilen äht baglaşdy.


Reb bu ähti ata-babalarymyz bilen baglaşmady, Ol ähti biziň bilen, bu günki gün, bu ýerde diri galanlarymyzyň hemmesi bilen baglaşdy.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Olar Meniň şol ähtime sadyk bolmadylar, şonuň üçin Men olardan ýüz öwürdim. Muny Reb aýdýandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ