Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 31:3 - Mukaddes Kitap

3 Reb uzakdan maňa görnüp, şeýle diýdi: «Men seni tükeniksiz söýgi bilen söýdüm, şeýdip, saňa sadyklygymy görkezdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Реб узакдан маңа гөрнүп, шейле дийди: «Мен сени түкениксиз сөйги билен сөйдүм, шейдип, саңа садыклыгымы гөркездим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 31:3
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Senden hoşal bolup, seni ysraýyl tagtynda oturdan Hudaýyň Rebbe alkyş bolsun! Reb Ysraýyly ebedilik söýensoň, adalaty we hakykaty berjaý etmegiň üçin seni patyşa etdi».


Ol ýerde guşlar höwürtgeleýär, onuň çür başynda leglek höwürtge gurýar.


Ellerimi ýuwup ýazyksyzlykda, aýlanyp gurbanlyk sypaň daşyndan, ýa Reb,


Eý, Iýerusalim gyzlary, garaýagyz-da bolsam, görmegeýdirin, gara men Kedaryň çadyrlary deý, owadan men Süleýmanyň perdeleri deý.


Nazarymda eziz, gadyrly bolup, seni söýýändigim üçin, seniň öweziňe adamlar, halklar bererin janyňyň deregine.


Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.


Emma Sion: „Reb terk etdi meni, Taňrym meni unutdy“ diýdi.


«Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym.


Olary ynsanperwerlik ýüpleri, söýgi baglary bilen Özüme çekdim. Boýunlaryndan boýuntyryklaryny galdyrdym. Eglip olara iýmit berdim.


Reb: «Men sizi ozaldan söýýärin» diýýär. Emma siz: «Sen bizi nähili söýýärsiň?» diýip soraýarsyňyz. Reb şeýle diýýär: «Ysaw Ýakubyň dogany dälmi näme? Men Ýakuby saýladym,


Hudaý ezelden saýlap-seçenlerini çagyrdy, çagyranlaryny aklady, aklanlaryny şan-şöhrata besledi.


Hawa, Mukaddes Ýazgylarda: «Men Ýakuby saýladym, emma Ysawy ret etdim» diýip ýazylgydyr.


Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady.


«Eý, Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan, bulutlar arasyndan gudrat görkezýän, seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur.


Ýa Reb, Sen dogrudan-da halkyňy söýýärsiň! Ähli perişdeler goluň astynda. Olar aýagyňa ýykylyp, Senden görkezme alýarlar.


Ol ata-babalaryňyzy söýýändigi sebäpli, olaryň özlerinden soňky nesillerini saýlady. Ol sizi hut Özüniň beýik güýji bilen Müsürden alyp çykdy.


Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip,


Ýaradanlarynyň arasynda Onuň saýlan halky bolmagymyz üçin, Hudaý hakykat sözi arkaly bize täze ýaşaýyş bermegi karar etdi.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Biz Hudaýy söýýäris, sebäbi ilki Ol bizi söýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ