Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 31:18 - Mukaddes Kitap

18 Men Efraýymyň nalaýan sesini eşitdim: „Men baş öwredilmedik öküz ýalydym. Sen maňa terbiýe berdiň, men sapak aldym. Meni dogry ýola sal, ýola geleýin, çünki meniň Hudaýym Reb Sensiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Мен Эфрайымың налаян сесини эшитдим: „Мен баш өвредилмедик өкүз ялыдым. Сен маңа тербие бердиң, мен сапак алдым. Мени догры ёла сал, ёла гелейин, чүнки мениң Худайым Реб Сенсиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 31:18
54 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gör, nähili bagtly Hudaýyň terbiýeleýäni! Gudratygüýçliniň temmisini ret etme.


Kanunyňyň ajaýyplygyny görerim ýaly, Sen aç meniň gözlermi.


Çünki Ol aýtdy – aýdany boldy; Ol buýurdy – buýrany hem berk durdy.


Mukama başlaň: deprek, hoş owazly lirany, arfany çalyň.


«Men gerşiňi dyndyrdym ýükden, seniň elleriň halas boldy sebetden.


Sen şatlandyr Öz bendäňiň kalbyny, çünki Saňa, eý, Taňry, tabşyrýaryn janymy.


Ata gamçy, eşege nogta, akmagyň ýagyrnysyna-da taýak ýaraşýandyr.


Köp gezek käýelse-de boýnuýogynlyk edýän duýdansyz heläkçilige uçrar, melhem ýokdur.


Rebbiň terbiýesini terk etme, oglum. Onuň käýinjine gysynma.


Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz? Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz? Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan.


Ogullaryň tapdan düşüp, her köçäniň başynda ýatyrlar, tora düşen dag keýigi ýaly bolup; Rebbiň gazabyndan, Hudaýyň käýinjinden pürepür olar.


Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi, emma şonda-da agzyny açmady. Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek, gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek, hiç agzyny açmady ol.


Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».


Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady.


Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn. Meni halas et, halas bolaýyn, çünki öwgim diňe Sensiň.


Perzentleriňize nähak temmi beren ekenim, barybir olar ýola gelmediler. Öz gylyjyňyz ýyrtyjy arslan deý pygamberleriňizi ýuwutdy.


Utanjymyzda ýatalyň, ryswalyk ýorganymyz bolsun; çünki ata-babalarymyz we biz ýaşlygymyzdan tä şu güne çenli Hudaýymyz Rebbe garşy günä edip geldik. Hudaýymyz Rebbe gulak asmadyk.


Gözegçileriň Efraýym daglarynda: „Turuň, Hudaýymyz Rebbiň ýanyna, Siona çykalyň“ – diýip gygyrjak günleri geler».


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler.


Bize çäksiz gaharlanyp, bütinleý ret etmedik bolsaň, bizi Özüňe öwür, ýa Reb, biz öwrüleris, bize öňki günlerimizi gaýtaryp ber!


Onsoň siz erbet ýollaryňyzy, özüňizi haram eden ähli işleriňizi ol ýerde ýatlarsyňyz we eden ähli pislikleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz.


Edil Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, bu belalaryň ählisi biziň başymyzdan indi. Emma biz etmişlerimizden el çekip, Hudaýymyz Rebden mähir-muhabbet dilemedik, Onuň hakykatyna pitiwa etmedik.


Efraýym harman döwmegi söýýän öwrendikli gölä meňzeýärdi. Men onuň owadan boýnuna boýuntyryk salmadym. Indi Efraýyma boýuntyryk salaryn. Ýahuda ýer sürer, Ýakup bolsa mala basar».


Çünki Ysraýyl boýun egmezek göle ýaly hötjet boldy. Indi Reb olary otluk ýerde, giň örüde tokly bakan ýaly bakyp bilermi?


Olar günälerini boýun alyp, Meniň huzurymy ýürekden agtarýançalar, hasratly ýagdaýda meni yzlaýançalar, Men öz mekanyma giderin».


Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi.


Ol söze gulak asmady, öwüt almady, Rebbe bil baglamady, Hudaýyna ýakynlaşmady.


Onsoň Rebden gorkýanlar biri-birileri bilen gepleşdiler. Reb üns berip diňledi. Rebden gorkup, adyna hormat goýýanlar hakynda Onuň öňünde bir ýatlama kitaby ýazyldy.


Ol ata-eneleriň ýüregini çagalaryna, çagalaryň ýüregini ata-enelerine tarap öwrer. Şonda Men gelip, ýurdy näletläp ýok etmerin».


Günbatar gapdalynda öz tugy astynda efraýym goşunlarynyň düşelgesi bolsun. Efraýymlaryň baştutany Emihudyň ogly Elişamadyr.


Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesihiň öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar».


Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar. Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.


Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».


Çünki Hudaý Öz göwnünden turýan işleri etmek üçin size gujur-gaýrat berip, sizdäki işini amal edýär.


Üstesine-de, Hudaýyň size Öz perzentleri hökmünde aýdan bu öwüt-nesihatyny-da unutdyňyz: «Oglum, Rebbiň terbiýesine biperwaý bolma, Onuň käýinjine ruhdan düşme.


Men Öz söýýänlerime käýäp, olary terbiýeleýändirin. Şonuň üçin-de, yhlasly bol, toba et!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ