Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 31:16 - Mukaddes Kitap

16 Reb şeýle diýýär: «Sesiňi agydan, gözleriňi ýaşdan sakla, çünki çekýän zähmetiňiň öwezi tölener, çagalaň duşman ýurdundan yzyna geler. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Реб шейле диййәр: «Сесиңи агыдан, гөзлериңи яшдан сакла, чүнки чекйән зәхметиңиң өвези төленер, чагалаң душман юрдундан ызына гелер. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 31:16
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýüz-gözüni ýuwup, özüni dürsänden soň bolsa: «Nahar getiriň» diýip buýurdy.


Ýusup hyzmatkärleriniň öňünde mundan artyk saklanyp bilmän: «Hemmeleri şu ýerden çykar» diýip gygyrdy. Ýusup öz doganlaryna syryny açanda, onuň ýanynda doganlaryndan başga adam ýokdy.


Ýöne siz berk duruň! Ruhdan düşmäň! Eden işleriňiziň hözirini görersiňiz».


sagdagyny olardan dolduran bagtly! Ol derwezede duşmany bilen gürleşen wagty utandyrylmaz.


Maňa gurlan tordan Sen meni çykar, çünki Sen meniň penamsyň.


Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Ölümi ebedilik ýuwudar Ol; gözýaşlary süpürer Hökmürowan Reb, halkynyň utanjyny bütin ýer ýüzünden aýrar Ol. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, Sionyň–Iýerusalimiň halky, aglamarsyňyz indi siz! Perýat edeniňizde, size merhemet eder Ol, ony eşideninde, size jogap berer.


Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir.


Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler.


Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin.


Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar.


Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“».


şatlykdyr gülki sesi, öýlenýän ýigit bilen gelniň toý sesi, Rebbiň öýüne şükür sadakalaryny getirip, şu aýdymy aýdýanlaryň sesi ýaňlanar: ‘Hökmürowan Rebbe alkyş bolsun! Çünki Reb ýagşydyr, sadyk söýgüsi bakydyr!’ Men ýurduň öňki abadançylygyny ozalkysy ýaly gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“.


Men Ýahudanyň we Ysraýylyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, olary öňküsi ýaly edip bina ederin.


Onsoň olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men ysraýyl halkyny giden ýerlerindäki milletleriň arasyndan çykararyn. Dumly-duşdan ýygnap, olary öz ýurtlaryna getirerin.


Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».


Biz Isanyň ölüp direlenine ynanýarys. Şoňa görä-de, Hudaýyň Isa Mesihe gowşan merhumlary Onuň bilen yzyna getirjekdigine-de ynanmalydyrys.


Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr.


Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz.


Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ