Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 31:14 - Mukaddes Kitap

14 Ruhanylary doýraryn bol iýmitden, halkym hem doýar näz-nygmatdan». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Руханылары дойрарын бол иймитден, халкым хем дояр нәз-ныгматдан». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 31:14
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýa Hudaýymyz Reb! Galk-da, güýjüňiň nyşany Äht sandygy bilen Öz dynçlyk mekanyňa gir. Ýa Hudaýymyz Reb! Goý, ruhanylaryň gutulyşa beslensin, sadyklaryň eşretleriňe guwansyn!


Çünki ysraýyl halky we lewiler gallany, täze şerap we ýag sadakasyny ammarlara getirmelidirler. Ol ýerde mukaddes ýeriň gap-gaçlary, hyzmat edýän ruhanylar, derwezebanlardyr aýdymçylar bolýandyr. Biz Hudaýymyzyň öýüni terk etmeris.


Gilgat Meniňki, Manaşa Meniňki, Efraýym – tuwulgam, Ýahuda – patyşalyk hasam.


Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.


Gahardan saklan, gazaby taşla, aladaçyl bolma: ol şere elter.


Eý, Hudaý, arz edenimde sesimi eşit, duşman wehiminden janymy gora.


Olar ýaman niýetlerinden asla dänmeýär, gizlin duzaklary gurmak üçin dil birikdirýär, «Olary görjek barmy?» diýip oýlanýar.


Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi; olar Saňa nagma aýdýarlar, Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela


Çünki maňa bolan sadyk söýgiň beýikdir, Sen janymy ölüler dünýäsinden halas eýlediň.


Reb diýýär: «Meni söýýänleri halas ederin, adymy bilýänlere pena bolaryn.


Eý, ezizim, gelinligim, men bagyma gelýärin; mürüm bilen atyrymy ýygnaýan, bal öýjügimi, balymy iýýän, şerabymy, süýdümi içýän. Iýiň, eý, söýgüli ýarlar! Eý, yşkyň ýesirleri, iýip-içiň, yşkdan mes boluň!


Hökmürowan Reb bu dagda ähli halklar üçin bol iýmitli, sap şeraply, ýilikli, bol etden, süzülen sap şeraply meýlis gurar.


Size bolsa Rebbiň ruhanylary, Hudaýymyzyň hyzmatkärleri diýerler; siz milletleriň baýlygyndan lezzet alarsyňyz, olaryň şöhratyna şärik bolarsyňyz.


Argyn jana dynçlyk bererin, ähli mejalsyzlary doýraryn».


Dünýädäki hemme milletler olara etjek ähli ýagşylyklarymy eşiderler. Bu şäher olaryň öňünde Meniň üçin at-abraý, şatlyk, öwgi hem şöhrat bolar. Ähli milletler Iýerusalimiň halkyna eden ýagşylyklarym we eçilen parahatlygym sebäpli gorkup titreşerler“.


Ysraýyly ýene öz örüsine getirerin, ol Karmelde, Başanda otlap, Efraýym dagyndaky Gilgatda gerk-gäbe doýar.


Olary ýaşyl ýaýlada bakaryn; Ysraýylyň belent daglary olaryň örüsi bolar; ol ýerde ýaşyl ýaýlada ýatyp, Ysraýylyň daglarynda bol örüde otlarlar.


Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Emma Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“».


Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Hawa, Hudaýyň kämilliginden dolup bileriňiz ýaly, Mesihiň aň-bilim ýeterden üstün bolan bu söýgüsine akyl ýetirip bilmegiňizi Hudaýdan dileýärin.


Naftaly hakda şeýle diýdi: «Eý, sen, Rebbiň merhemeti bilen, Onuň berekedi bilen dolan Naftaly, günbatary we günortany mülk edinersiň».


Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz.


Sen olardan şalyk ýaratdyň, Hudaýymyza hyzmat etmek üçin olary ruhany bellediň, olar ýer ýüzünde şalyk sürerler!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ