Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 31:12 - Mukaddes Kitap

12 Olar gelip, Sionyň belent depesinde aýdym aýdarlar, Rebbiň beren bereketlerine: bugdaýa, şeraba, ýaga, owlak-guza we gölelere begenip, göwnühoş bolarlar. Olar suwarylan bag kimin bolarlar, asla solmazlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Олар гелип, Сионың белент депесинде айдым айдарлар, Реббиң берен берекетлерине: бугдая, шераба, яга, овлак-гуза ве гөлелере бегенип, гөвнүхош боларлар. Олар суварылан баг кимин боларлар, асла солмазлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 31:12
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siz ýapragy guran çynar agajy kimin bolarsyňyz, suwsuz galan baga meňzärsiňiz.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.


Diňläň! Garawullaryň seslerini gataldýar, şatlanyp, bile aýdym aýdýarlar; Rebbiň Siona gaýdyp gelşini öz gözleri bilen görerler olar.


Reb hemişe size ýol görkezer, gurak ýerlerde sizi kanagatlandyrar, süýegiňize kuwwat berer. Siz suwarylan bag kimin, suwy egsilmeýän çeşme kimin bolarsyňyz.


Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.


Iýerusalim üçin şatlanaryn, halkym üçin begenerin. Indi ne agy sesi ne-de ahy-nala eşidiler ol ýerde.


Eý, biwepa halk, Maňa dolan, muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki siziň hojaýynyňyz Mendirin. Men sizi bir-birden şäherden, iki-ikiden urugdan çykaryp, Siona getirerin.


Daýhanlar bilen sürülerini bakýan çopanlar Ýahudada we onuň şäherlerinde bile ýaşarlar.


Argyn jana dynçlyk bererin, ähli mejalsyzlary doýraryn».


Men seni ýene dikelderin, sen täzeden dikelersiň, eý, Ysraýyl boý gyzy! Sen ýene deprekleriňi alyp, şadyýan tans edýänlere goşularsyň.


Gözegçileriň Efraýym daglarynda: „Turuň, Hudaýymyz Rebbiň ýanyna, Siona çykalyň“ – diýip gygyrjak günleri geler».


Çünki Reb şeýle diýýär: «Ýakup üçin begençli aýdym aýdyň, milletleriň baştutany üçin batly gygyryň. Jar ediň, öwgüler aýdyp, şeýle diýiň: „Ýa Reb, halas et halkyňy, Ysraýylyň aman galanlaryny“.


Çünki Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb: „Bu ýurtda ýene öýler, ekin meýdanlary we üzüm baglary satyn alnar“ diýýär».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ynsansyz we haýwansyz haraba bolup galan bu ýerde, onuň ähli şäherlerinde ýene çopanlaryň öz sürülerini bakjak ýaýlalary bolar.


Daglyk, günbatar baýyrlyk, Negep we Benýamin galalary bilen Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde we Ýahuda galalarynda çopanlar ýene-de goýun sanarlar. Muny Reb aýdýandyr“.


Ony Ysraýylyň belent dagynda oturdaryn, ol pudak çykarar, miwe berer, şöhratly kedr agajy bolar. Her dürli guşlar şahalarynda mesgen tutar, her hili ganatly jandarlar kölegesinde saýalar.


Ysraýyl halky, ýurtdakylaryň ählisi Maňa mukaddes dagymda, Ysraýylyň belent dagynda gulluk eder. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Men olardan şol ýerde razy bolaryn. Men ähli mukaddes zatlaryňyz bilen birlikde sadakalaryňyzy we gymmatly sowgatlaryňyzy şol ýerde talap ederin.


Olary ýaşyl ýaýlada bakaryn; Ysraýylyň belent daglary olaryň örüsi bolar; ol ýerde ýaşyl ýaýlada ýatyp, Ysraýylyň daglarynda bol örüde otlarlar.


Gaýdyp siz milletleriň arasynda açlyk ryswalygyny çekmeziňiz ýaly, agajyň miwesini we meýdanyň hasylyny köpelderin.


Şol gün şeýle bolar: Daglardan täze şerap damar, baýyrlardan süýt akar, Ýahuda jarlarynyň ählisi suwdan dolar. Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp, Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.


Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Emma Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“».


Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek.


Siz hem şeýlesiňiz, häzir gam-gussa çekýärsiňiz, emma Men sizi ýene görerin, şonda göwnüňiz galkynar, hiç kim sizden şatlygyňyzy alyp bilmez.


Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?


Ol Öz halkynyň gözleriniň her bir gözýaşyny süpürer. Indi ne ölüm, ne-de ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar geçip gitdi».


Çünki tagtyň ortasynda duran Guzy olary bakar, olary ýaşaýyş suwunyň gözbaşlaryna äkider. Hudaý olaryň gözýaşlarynyň her damjasyny süpürer».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ