Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 31:1 - Mukaddes Kitap

1 «Şol döwürde Men ähli Ysraýyl tireleriniň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Шол дөвүрде Мен әхли Ысрайыл тирелериниң Худайы боларын, олар-да Мениң халкым болар». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 31:1
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň. Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň.


Hemmäniň gözleri Saňa umyt bilen garaýar, Sen öz wagtynda olaryň ryskyny berýärsiň.


Olaryň ýoly şular ýalydyr, akmaklyk-da olaryňkydyr. Emma muňa garamazdan, indiki nesil olaryň magtanmasyny makullaýandyr. Sela


Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.


Şol günlerde ýahuda halky ysraýyl halky bilen birleşer. Ikisi birlikde demirgazyk ýurtdan çykyp, Meniň ata-babalaryna mülk edip beren ýurduma geler.


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn».


Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar-gazaby ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.


Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“».


Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.


Olar Meniň halkym bolar, Men-de olaryň Hudaýy bolaryn.


Reb şuny aýdýandyr: „Meniň ysraýyl bilen ýahuda halky hakynda beren merhemetli sözümi ýerine ýetirjek günlerim geler.


Men Ýahudanyň we Ysraýylyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, olary öňküsi ýaly edip bina ederin.


«Şol günlerde, şol döwürde ysraýyl we ýahuda halklary bile gelerler, özleriniň Hudaýy Rebbi agtaryp, aglaý-aglaý gelerler. Muny Reb aýdýandyr.


Şonda olar parzlarymy berjaý edip, hökümlerimi saklap, olary doly berjaý ederler. Şeýle hem olar-a Meniň halkym, Menem olaryň Hudaýy bolaryn.


Men-Reb olaryň Hudaýy we gulum Dawut olaryň hökümdary bolar. Muny Men-Reb aýtdym.


Siz Meniň goýunlarym, örimiň goýunlarysyňyz. Siz ynsansyňyz, Men bolsam siziň Hudaýyňyzdyryn». Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Ata-babalaryňyza beren ýurdumda mesgen tutarsyňyz. Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn.


Şeýlelikde, ysraýyl halky şol günden başlap, Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi biler.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.


Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».


Men siziň araňyzda bolup, siziň Hudaýyňyz bolaryn, sizem Meniň halkym bolarsyňyz.


Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler.


Isa oňa: «Maňa golaýlaşma, sebäbi Men entek Atamyň ýanyna çykamok. Sen doganlarymyň ýanyna gidip, olara Meniň göge, Atamyň – Hudaýymyň ýanyna barýanymy aýt. Ol siziň-de Ataňyzdyr we Hudaýyňyzdyr» diýdi.


Hudaýyň ybadathanasy bilen butlaryň, heý-de, özara ylalaşygy bolarmy? Çünki biz diri Hudaýyň ybadathanasydyrys. Hudaý: «Men olaryň arasynda mesgen tutaryn we olaryň arasynda bolaryn. Men olaryň Hudaýy, olar hem Meniň halkym bolarlar» diýipdi ahyryn.


Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir okara nahara satan Ysaw ýaly Hudaýa äsgermezlik etmesin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ