Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 30:8 - Mukaddes Kitap

8-9 «Ol gün şeýle bolar, Men seniň boýnuňdaky boýuntyrygyňy döwerin, tanaplaryňy gyraryn. Indi kesekiler seni özlerine gul etmezler. Muňa derek sen öz Hudaýyň Rebbe we Onuň Dawudyň neslinden tagtda oturtjak patyşalaryna hyzmat edersiň». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8-9 «Ол гүн шейле болар, Мен сениң бойнуңдакы боюнтырыгыңы дөверин, танапларыңы гырарын. Инди кесекилер сени өзлерине гул этмезлер. Муңа дерек сен өз Худайың Реббе ве Онуң Давудың неслинден тагтда отуртҗак патышаларына хызмат эдерсиң». Муны Хөкмүрован Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 30:8
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý arkaly ýeňiş gazanarys, duşmanlarymyzy depelejek Oldur.


Şol gün aşurlylaryň ýüki siziň gerşiňizden, boýuntyrygy siziň boýnuňyzdan aýrylar; semizligiňizden ýaňa boýuntyryk döwler».


Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.


Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn, daglarymda olary aýak astyna alaryn; olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar, ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».


Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdan we çeken agyr işiňizden azat edende,


Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


Çünki köp milletler we beýik patyşalar olary gula öwrerler. Men olara etmişlerine görä, elleriniň işine görä almytlaryny bererin“».


Reb maňa şeýle diýdi: «Agaçdan bir boýuntyryk ýasap, tanap bilen ony boýnuňa dak.


Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.


Şonda Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygy çykaryp, ony döwdi.


«Bar, Hananýa Reb şeýle diýýär diýip aýt: „Sen agaç boýuntyrygy döwdüň, emma onuň ýerine demir boýuntyryk ýasarsyň!


Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider.


Ähli agaçlar öz miwesini berer, ýer öz hasylyny eçiler. Olar öz ýurtlarynda howpsuz ýaşarlar. Boýuntyryk baglaryny goparyp, gul edenleriň elinden azat edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler.


Sizi Aşuryň boýuntyrygyndan azat ederin, gandallaryňyzy kesip taşlaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ