Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 30:7 - Mukaddes Kitap

7 Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Вах, бу нәхили горкунч гүн, онуң ялы гүн башга ёкдур. Бу Якуп үчин аладалы дөвүрдир, эмма ол ондан ене-де гутулар».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 30:7
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muny eşidip, Ýakup juda gorkdy. Ol öz ýanyndan: «Eger Ysaw bir toparyň üstüne çozup, ony basyp alaýanda-da, beýleki topar gutular» diýip, öz adamlaryny, ownukly-irili mallaryny hem düýelerini iki topara böldi.


Maňa nähak duşman bolanlar, goý, şatlanmasyn, Meni nähak ýere ýigrenýänler göz gypyşmasyn.


Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».


Eý, Ysraýylyň Umydy, hasratly wagtyndaky Halasgäri! Neçün bolýaň bu ýurtda gelmişek ýaly, gijäni geçirmek üçin düşlän ötegçi ýaly?


Olar bir agaja ‘Sen meniň atamsyň’, bir daşa ‘Meni sen dogurdyň’ diýýärler. Olar Maňa ýüzlerini däl-de, ýeňselerini öwürdiler. Emma başlaryndan bela inende, ‘Gel-de, bizi halas et!’ diýýärler.


Hany, özüňize ýasan hudaýlaryňyz nirede? Başyňyzdan bela inende, sizi halas edip bilýän bolsalar, goý, gelsinler. Eý, ýahuda halky, şäherleriň sany näçe bolsa, hudaýlaryňyň sany hem şonçadyr.


«Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.


Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa.


Men saňa näme diýeýin? Eý, Iýerusalim gyzy, seni nämä meňzedeýin? Eý, Sion boý gyzy, teselli berer ýaly, seni nämä deňeşdireýin? Seniň heläkçiligiň deňiz deý ägirt, kim şypa berer saňa?


Çünki eziz halkymyň jezasy ynsan eli degmezden bir demde ýykylan Sodomyň jezasyndan uludyr.


«Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar.


Başymyzdan äpet bela-beterler inderjekdigi barada Onuň bize we üstümizden höküm sürýän baştutanlarymyza aýdan sözleri berjaý boldy. Iýerusalimiň başyna inen bela gögüň astyndaky hiç bir şäheriň üstünden hiç haçan inmändi.


Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».


Dat ol güne! Çünki Rebbiň güni ýakyndyr. Gudratygüýçlüden Weýrançylyk güni kimin gelýär ol.


Eý, ýaşulular, diňläň siz muny, siz hem gulak goýuň, tutuş ýurduň ilaty: siziň günleriňizde ýa atalar döwründe, heý-de, bolupmydy şular ýaly zat?


Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy?


Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.


Indi näme üçin möňňürip aglaýaň? Dogurýan aýal ýaly nämä ah çekýäň? Patyşaň ýoklugy üçinmi? Geňeşdaryň heläk bolany üçinmi?


Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, sesinden dodaklarym tibirdedi, süňňüm eräp, dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan injek betbagtlyk gününe sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.


Ol diňe Rebbe aýan bolan aýratyn bir gün bolar. Ol ne gündize meňzär, ne-de gijä; agşamyna ýagty bolar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, ol gün ojak ýaly ýanyp gelýär. Ähli tekepbirler we hemme erbetlik edýänler saman kimin bolarlar. Ol gün olaryň hemmesini ot ýandyrar. Olarda ne kök, ne-de baldak galar.


Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, Hudaýyň ýaradan dünýäsiniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam.


Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.


Çünki tutuş ysraýyl halky hut şeýle halas ediler. Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr: «Men Ýakup nesliniň günälerini bagyşlanymda, olar bilen edýän ähtim, ine, şudur: Siondan Halasgär geler, Ol Ýakup neslinden hudaýsyzlygy aýrar».


Çünki Olaryň gazabynyň güni ýetip geldi. Muňa döz geljek barmy?»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ