Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 30:6 - Mukaddes Kitap

6 Indi soraň, görüň, heý, erkegem çaga dograrmy? Näme üçin çaga dogurýan aýal ýaly erkekleriň ellerini bilinde görýärin? Näme üçin hemmäniň ýüzi soluk?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Инди сораң, гөрүң, хей, эркегем чага догрармы? Нәме үчин чага догурян аял ялы эркеклериң эллерини билинде гөрйәрин? Нәме үчин хеммәниң йүзи солук?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 30:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Muşakgatlyk wagtynda, duşmanlar nähak ýere maňa hüjüm edende, men näme üçin gorka düşeýin?


Munuň üçin sanjy tutdy bilimden, dogurýan aýalyň burgusy dek, burgular tutdy meni; eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim, görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.


Munuň üçin Ybraýymy halas eden Reb Ýakubyň nesilleri hakda şeýle diýýär: «Ýakup indi utanmaz, Onuň ýüzi gyzarmaz indi.


Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň? Dogurýan aýalyň burgusy ýaly seni-de sanjy tutmazmy?


Eý, Liwanda mesgen tutan, kedr agaçlarynda höwürtge ýasan! Seni çaga dogurýanyňky ýaly burgydyr sanjy gurşanda, çekersiň ahy-nala!


Men burgusy tutýan aýalyň sesini, ilkinji çagasyny dogurýanyň iňňildisini, ellerini uzadyp: «Waý halyma! Ganhorlaryň öňünde janym tapdan düşýär-le!» diýip, sojaýan Sion gyzynyň agysyny eşitdim.


Şäherler ele salnar, galalar basylyp alnar. Şol gün Mowabyň urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar.


Ine, duşman bürgüt kimin ýokary uçar, ganatlaryny Bosranyň üstüne ýaýar. Şol gün Edom urşujylarynyň ýüregi dogranda sanjy tutýan aýalyň ýüregi kimin bolar».


Damask mejalsyz galdy, gaçjak bolup öwrülende, ony gorky gaplady. Çaga dogurýan aýal kimin ony sanjy we agyry tutdy.


Babyl patyşasy olar hakdaky habary eşidende, elleriniň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýär dert-azarlary.


«Olar hakdaky habary eşidenimizde, ellerimiziň ysgyny gaçdy. Dogurýan aýal kimin çekýäris dert-azaplary.


Patyşanyň ýüzünde reňk-pet galmady, pikirleri ony howsala saldy. Onuň süňňi saňňyldap, dyzlary biri-birine degip sandyrap başlady.


Ol akylsyz oguldyr. Burgy azaby başlanda – wagty gelende, ol ýatgydan çykmaýar.


Halklar dowla düşýär olaň öňünde, ýüzleri-de gorkudan ak tama dönýär.


Çolardy, harabalyga öwrüldi, weýran boldy! Ýürekler ezilip, dyzlar titreýär, hemmäniň süňňi sarsyp, ýüzleri çuw ak bolýar.


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ