Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 30:24 - Mukaddes Kitap

24 Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar-gazaby ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Йүрегиниң ниетини амала ашырянча, Реббиң гахар-газабы ятышмаз. Сиз муңа ахыркы гүнлерде дүшүнерсиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 30:24
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup öz ogullaryny çagyryp, olara: «Ýanyma ýygnanyşyň, men geljek günlerde size nämeleriň garaşýandygyny aýdyp bereýin» diýdi.


Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär: «Nähili niýet eden bolsam, şeýle-de bolar, näme karara gelen bolsam, şol-da amala aşar.


Gündogardan bir ýyrtyjy guşy, maksadymy berjaý etjek birini uzak ýurtdan çagyrdym. Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony.


Ine, Rebbiň gyzgyn gazaby, harasady gopup, gazaply lowlaýan harasady erbetleriň başyna iner.


Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar ody ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.


Şonuň üçin ýurt ýas tutar, asman garalar. Men sözledim, Men karar etdim, gaýtmyşym etmerin, pikirimden dänmerin».


Munuň üçin jul geýniň, zarynlap aglaň. Çünki Rebbiň gahar-gazaby bizden sowulmady».


Emma ahyrky günlerde Men Mowabyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr. Ine, Mowabyň jezasy şu ýerde gutarýar».


Men Eýlamy duşmanlarynyň, janynyň kastyna çykanlaryň öňünde gorka salaryn. Lowlaýan gazabym bilen başlaryndan betbagtlyk indererin. Muny Reb aýdýandyr. Olary bütinleý ýok edýänçäm, yzlaryndan gylyç salaryn.


Ýöne ahyrky günlerde Eýlamyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin. Muny Reb aýdýandyr“».


Eý, ötegçiler, siziň üçin bu hiç zatmy? Ine, halymy görüň, heý-de, meniň başymdan inen gam-gussa ýaly gam-gussa barmy? Reb gazapdan dolup lowlan güni bu hasraty çekdirdi maňa.


Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn».


Men ahyrky günlerde seniň halkyňyň başyna nämeleriň geljegini saňa düşündirmäge geldim, çünki bu görnüş şol geljek döwre degişlidir».


Emma göklerde gizlin syrlary açýan Hudaý bar. Ahyrky günlerde näme boljagyny Nebukadnesar patyşa Ol bildirdi. Ýatyrkaň düýşüňde gören görnüşleriň şular bolmaly:


Ahyrky günlerde şeýle bolar: Rebbiň öýi daglaryň iň beýigi deý berkarar ediler, depelerden belent bolar ol, halklar oňa tarap eňerler.


Ine, indi men öz ilime gaýtmankam, bu ysraýyl halkynyň geljek günlerde seniň halkyňa nämeler etjekdigi bilen seni habardar edeýin» diýdi.


Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».


Ahyrky günlerde, bu zatlaryň ählisi başyňyzdan inende, betbagtçylyga uçranyňyzda, siz Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, Oňa gulak asarsyňyz.


Eliýiň nesline garşy aýdanlarymyň ählisini şol gün berjaý ederin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ