Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 30:21 - Mukaddes Kitap

21 Baştutany olaryň özünden bolar, hökümdary öz aralaryndan çykar. Men ony Özüme ýakynlaşdyraryn, ol hem Maňa ýakynlaşar. Men çagyrmasam, ýakynlaşmaga kim milt edip biler? Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Баштутаны оларың өзүнден болар, хөкүмдары өз араларындан чыкар. Мен оны Өзүме якынлашдырарын, ол хем Маңа якынлашар. Мен чагырмасам, якынлашмага ким милт эдип билер? Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 30:21
53 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ybraýym oňa şeýle ýüzlendi: «Seniň öňüňde tozdur kül kimin bolsam-da, men Sen Taňrym bilen gepleşmäge ýürek edýän.


Onsoň Ybraýym Taňra ýüzlenip: «Eý, Taňrym, geplesem maňa gaharyň gelmesin. Aýdaly, galadan otuz sanysy tapylýar, onda näme?» diýdi. Reb: «Eger ol ýerden otuz sany bigünä tapsam, onda Men ony weýran etmerin» diýdi.


Ybraýym: «Eý, Taňrym, maňa gaharyň gelmesin! Men iň soňky gezek Saňa ýüz tutýaryn. Aýdaly, galada bary-ýogy on sany bigünä bar» diýdi. Taňry: «On bigünäniň hatyrasy üçin Men ony weýran etmerin» diýip jogap berdi.


Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, Ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar.


Meniň üçin öýi ol gurar. Men onuň şalyk tagtyny baky berkarar ederin.


Olar Zerubabyl, Ýeşuwa, Nehemýa; Seraýa, Regelaýa, Mordekaý, Bilşan, Mispar, Bigwaý, Rehum we Bagana dagynyň ýolbaşçylygynda geldiler. Ýesirlikden gaýdyp gelen Ysraýyl halkynyň erkek adamlarynyň sanawy şulardyr:


Onsoň men doganym Hanany bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip belledim. Çünki ol ynamdar adam bolup, köplere garanda, Hudaýdan has gaty gorkýardy.


Saňa sežde edýär bütin ýer ýüzi; olar Saňa nagma aýdýarlar, Seniň adyňa nagma aýdýarlar». Sela


Soňra Hudaý: «Mundan ýakyn gelme, aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr!


Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»


Şol günlerde, şol wagtda Men Dawudyň neslinden bir dogruçyl Şaha çykararyn. Ol ýurtda adalaty hem dogruçyllygy berjaý eder.


Men arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?


Men-Reb arslan kimin Iordan jeňňelinden ýap-ýaşyl öri meýdana çykaryn. Edomlary duýdansyz ol meýdandan çykararyn. Öz saýlanymy üstlerinden baştutan bellärin. Çünki Maňa meňzeş kim bar? Menden hasabat sorajak kim? Garşyma çykjak çopan kim?


Olara gulum Dawut patyşa bolar; hemmesi üçin diňe bir çopan bolar. Olar Meniň hökümlerim bilen ýöräp, parzlarymy doly berjaý ederler.


Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Soňra ol Kora we onuň toparyna şeýle jogap berdi: «Özüniň kimdigini, kimiň mukaddesdigini we Rebbiň ýanyna kime golaýlaşmaga rugsat edilendigini Ol säher bilen aýan eder. Reb Öz saýlanyna ýanyna golaý barmaga rugsat eder.


«Ýahudylaryň patyşasy bolup doglan nirede? Biz Onuň dogluş ýyldyzyny gördük we Oňa sežde etmäge geldik» diýdiler.


Depesinde bolsa: «BU ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY ISADYR» diýen etmiş ýazgysyny asdylar.


Şol wagt gökden: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan köp razydyryn» diýen owaz geldi.


Mesih bu görgüleri görüp, Öz şöhratyna girmeli dälmidi?» diýdi.


Hudaý Ysraýyla toba etdirip, günälerini bagyşlamak üçin, bu Adamy Baştutan hem Halasgär edip, Ony beýgeltdi we Öz sagynda oturtdy.


Hudaýyň halkyny kim höküm edip biler? Hiç kim, sebäbi ölümden direlen Isa Mesih Hudaýyň sagynda oturyp, biziň üçin töwella edýär.


Siz özüňize diňe Hudaýyňyz Rebbiň saýlan adamyny patyşa edip belläň. Saýlan patyşaňyz öz ysraýyl doganlaryňyzyň biri bolsun. Ysraýyl doganyňyzdan bolmadyk keseki ýurtlyny özüňize patyşa saýlamaň.


Men olar üçin öz halkynyň arasyndan seniň ýaly pygamber çykararyn. Meniň buýran zatlarymyň ählisini halka aýdar ýaly, Men sözlerimi pygamberiň agzyna salyp bererin.


Ysraýyl tireleri birleşende, halk baştutanlary ýygnanda, Reb Ýeşuruna patyşa boldy.


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Ol biziň üçin gurban boldy. Hudaý Ol arkaly biziň günälerimizi, diňe biziň däl, eýsem, bütin dünýäniň günälerini bagyşlady.


Onuň donunda we budunda «ŞALARYŇ ŞASY, TAŇRYLARYŇ TAŇRYSY» diýen at ýazylgydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ