Reb Musa: «Bu ýeňşi ýatdan çykarmazlary ýaly kitaba ýaz we Ýeşuwa hem eşitdirip aýt, Men amalekleriň tohum-tijini ýer ýüzünden süpürip taşlajakdyryn» diýdi.
Onuň garşysyna aýdan ähli sözlerimi, Ýermeýanyň ähli milletler barada eden pygamberligini, bu kitapda ýazylan zatlaryň baryny ol ýurduň başyna getirerin.
Onsoň Ýermeýa başga bir düýrlenen kagyzy Neriýanyň ogly Baruk kätibe berdi. Baruk hem Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň oda ýakan kagyzynyň ähli sözlerini Ýermeýanyň dilinden oňa ýazdy. Bu düýrlenen kagyza başga-da köp pygamberlik sözleri ýazyldy.
Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».
Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlaryň bary bize taglym öwretmek üçin ýazylandyr. Biz Mukaddes Ýazgylar arkaly sabyr-takatly bolmagy öwrenýäris, olaryň berýän tesellisi arkaly umytlydyrys.
Bularyň bary başgalara sapak bolsun diýip, ata-babalarymyzyň başyndan indi. Bu zamanyň ahyrky günlerinde ýaşaýanlara, ýagny bize duýduryş hökmünde ýazyldy.