Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 30:19 - Mukaddes Kitap

19 Olardan şükür hem şatlyk sesleri geler. Men olary köpelderin, olar azalmaz, olara hormat goýduraryn, olar peselmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Олардан шүкүр хем шатлык сеслери гелер. Мен олары көпелдерин, олар азалмаз, олара хормат гойдурарын, олар песелмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 30:19
39 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly, Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.


Onsoň bütin halk iýip-içip, özlerinde bar zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, uly şagalaň etmäge gitdiler. Çünki olar okalyp berlen sözlere düşünipdiler.


Ýesirlikden gaýdyp gelenleriň ählisi çatma dikip, onda wagtlaýyn boldular. Çünki Nunuň ogly Ýeşuwanyň döwründen tä şol güne çenli ysraýyl halky beýle zat etmändi. Olar şeýle uly şady-horramlyk etdiler.


Meniň üçin bolsa Hudaý kömekdir! Taňry söýgetleýär meniň janymy.


Şol gün siz, ysraýyllar şeýle diýersiňiz: «Ýa, Reb Saňa şükür ederin, Sen bize gaharlanan hem bolsaň, gaharyň sowuldy, teselli berdiň bize Sen.


Ýa Reb, Sen milleti köpeltdiň! Milleti köpeldip, Özüňe şöhrat gazandyň; ýurduň ähli çäklerini giňeltdiň.


Geljekde Ýakup kök urar, Ysraýyl gunçalap güllär, ýer ýüzüni miweden doldurar.


Rebbiň azat edenleri yza dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gaýdyp gelerler; ebedi şatlyga gowşar olar, begençden, şatlykdan dolarlar, gaýgydyr gam-gussa ýok bolar.


Rebbiň azat edenleri dolanarlar, aýdym aýdyp, Siona gelerler, başlarynda ebedi şatlyk bolar, begenç hem şatlyk taparlar olar, gam-gussa hem nala ýok bolar.


Reb Siona, onuň ähli harabalaryna teselli berer, onuň çölüni Erem deý eder, Rebbiň bagy deý eder onuň sährasyny; şatlyk we begenç, şükür we aýdym sesi eşidiler ondan.


Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.


Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz, sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler. Bu Ysraýylyň Mukaddesi, Hudaýyňyz Reb sebäplidir, Ol sizi şöhratlandyrdy.


Mundan beýläk gündizine Gün yşygyň bolmaz, gijesine Aý saňa yşyk bermez; çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, şöhratyň öz Hudaýyň bolar.


Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men – Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.


Adalar Maňa umyt baglaýarlar elbetde; Hudaýyň Rebbiň, Ysraýylyň Mukaddesiniň adynyň hatyrasyna Tarşyş gämileri öňürti gelýärler, ogullaryň kümüşdir altynyny özleri bilen getirýärler. Reb seni şöhratlandyrdy.


Ýahuda şäherlerinden, Iýerusalimiň etraplaryndan, benýamin topragyndan, günbatar baýyrlykdan, daglykdan we Negepden adamlar gelerler. Olar Rebbiň öýüne ýakma gurbanlyklary bilen beýleki gurbanlyklary, galla sadakasyny, ýakymly ysly tütetgi bilen şükür sadakasyny getirerler.


Siz ýurtda köpelip, san-sajaksyz bolanyňyzda, olar gaýdyp Rebbiň Äht sandygyny agzamazlar. Muny Reb aýdýandyr. Ol kellä gelmez ýa-da ýatlanylmaz, ony küýsemezler, başgasyny-da ýasamazlar.


Reb şeýle aýdýandyr: «Ysraýylda we Ýahudada ynsanu-haýwany köpeltjek günlerim hökman geler.


Men seni ýene dikelderin, sen täzeden dikelersiň, eý, Ysraýyl boý gyzy! Sen ýene deprekleriňi alyp, şadyýan tans edýänlere goşularsyň.


Gulum Dawudyň neslini we Maňa hyzmat edýän lewileri san-sajaksyz asman jisimleri kimin, ölçäp bolmaýan deňziň çägesi kimin köpelderin“».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek.


Şeýlelikde, Onuň maňa tabşyryşy ýaly, pygamberlik etdim we nepes olaryň içine girdi. Olar direlip, köp, örän köp goşun kimin aýak üstüne galdylar.


Men olar bilen parahatçylyk ähtini baglaşaryn, bu baky äht bolar. Olary ornaşdyryp, köpelderin we mukaddes öýümi ebedilik olaryň ortasynda berkarar ederin.


Sykylyk çalyp, toplaryn olary, çünki Men azat etdim olary. Köpelerler olar hut öňküleri ýaly.


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.


«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem-de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».


Maňa beren şöhratyňy olara berdim. Biziň bir bolşumyz ýaly, olar-da bir bolsun.


bu synaglaryň siziň imanyňyzy berkidýändigini biliň. Hatda pany altyn hem otda saplanyp synalýandyr. Şeýlelikde, altyndan has gymmatly bolan imanyňyz synagdan geçip, Isa Mesih aýan bolanda, size öwgi we şan-şöhrat getirer.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ