Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 30:17 - Mukaddes Kitap

17 Saňa „Taşlanan“ diýen ady dakyp: „Bu Sion, halyny soraýan ýok“ diýdiler. Emma Men seni ýene-de sagaldaryn, ýaralaryňa şypa bererin». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Саңа „Ташланан“ диен ады дакып: „Бу Сион, халыны сораян ёк“ дийдилер. Эмма Мен сени ене-де сагалдарын, яраларыңа шыпа берерин». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 30:17
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol, şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol.


Sen otaglaryňy suwlaryň üstünde gurýaň, bulutlary Özüňe söweş arabasy edinýäň, ýeliň ganatlaryna münüp aýlanýaň.


Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.


Şoňa görä, ruhum sustlandy, meniň ýüregim sarsdy.


Rebbiň dagyna kim çykyp biler? Mukaddes öýünde kim durup biler?


Reb şeýle diýdi: «Eger-de siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüne dykgat bilen gulak goýup, Onuň nazarynda dogry hasap edýän işlerini etseňiz, Onuň buýruklaryna boýun bolup, buýran ähli parzlaryny ýerine ýetirseňiz, onda Men müsürlileriň başyndan inderen apatlarymyň hiç birini siziň başyňyza salmaryn. Çünki Men size şypa berýän Rebdirin».


Ol milletler üçin baýdak galdyrar, Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar, ýer ýüzüniň dört künjeginden, Ýahudanyň darganlaryny ýygnar.


Rebbiň Öz halkynyň ýaralaryny sarap, Öz ýetiren şikesine şypa beren güni, Aýyň nury Günüň nury dek, Günüň nury ýedi Günüň nury dek, ýedi esse artyk bolar.


Sion ilatynyň hijisi: «Men syrkaw» diýmez; ol ýerde ýaşaýan halkyň etmişleri ötüler.


Reb seni terk edilen, kalby gussaly aýal dek, ret edilen ýaş gelin dek çagyrdy. Muny Hudaý diýýär.


Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men öýüme eýýäm toplananlardan beýlekilerini-de toplaryn».


Olaryň ýollaryny gördüm, ýöne şonda-da olara şypa bererin, olara we ýas tutýanlara ýol görkezip, teselli bererin.


Dillerinde öwgini Men ýaratdym, uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».


Şonda nuruňyz daň kimin ýalpyldar, basym şypa taparsyňyz, dogrulygyňyz öňüňizden gider, Rebbiň şöhraty yzda goragyňyz bolar.


Terk edilip, ýigrenilip, üstüňden hiç kim geçmedi. Indi bolsa Men seni baky beýik, nesilden-nesle şatlyk ederin.


Çadyrym ýykyldy, üzüldi ähli tanaplary. Çagalarym taşlap gitdiler meni, ýok olar indi. Çadyrymy täzeden dikmäge, hiç kim ýok perdelerimi asmaga.


Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn. Meni halas et, halas bolaýyn, çünki öwgim diňe Sensiň.


«Dolanyň, eý, biwepa perzentler, Men biwepalygyňyza şypa bererin». Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris, çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!»


Seniň dawaňy çözüp berjek ýok; ýaraňa şypa berjek melhem ýok.


«Bu halkyň: „Reb Öz saýlan iki taýpasyny-da ret etdi“ diýip aýdýanyny göreňokmy? Olar indi Meniň halkymy kemsidýärler, ony millet hasap etmeýärler.


Emma Men ol şähere ýene saglyk we şypa bererin, olary sagaldaryn, olara abadançylyk we parahatlyk eçilerin.


Gilgatda melhem ýokmudyr? Ol ýerde tebip ýokmudyr? Onda näme üçin biçäre halkymyň ýarasyna em edilmeýär?


Ähli ötegçiler saňa el çarpýarlar. Iýerusalim gyzyna sykylyk atyp: «Bütin dünýäň şatlygy, gözellik görki diýilýän şäher şumy?» diýşip, başlaryny ýaýkaýarlar.


Ýiteni agtararyn, azaşany yzyna getirerin, ýaralynyň ýarasyny daňaryn we ejizi kuwwatlandyryp, semizi, güýçlini heläk ederin; olary adalatlylyk bilen bakaryn».


Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Men seniň Ysraýyl daglaryna: „Harabaçylyk! Bular bize iýmäge berildi!“ diýip aýdan ähli sögünçleriňi eşitdim.


Olar milletleriň arasynda, her bir baran ýerlerinde Meniň mukaddes adyma ysnat getirdiler. Olar hakda „Bular Rebbiň halky dälmi näme? Onda näme üçin olar Onuň ýurdundan çykaryldylar?“ diýildi.


Efraýyma ýöremegi Men öwretdim, golumda göterdim olary. Meniň aladamy olar bilmediler.


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Ýöne Meniň adymdan gorkýan siz üçin şöhlesi bilen şypa berjek adalat güneşi dogar. Siz şonda gazygyndan boşanan göle ýaly böküşersiňiz.


Biziň günä garşy ölüp, dogruçyllyk ugrunda ýaşamagymyz üçin, Ol haçda günälerimizi Öz üstüne ýükledi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz.


Şäheriň şaýolunyň ortasynda, derýanyň her kenarynda ýaşaýyş daragty ösüp otyrdy. Bu daragtlar her aýda miwe berip, ýylda on iki gezek hasyl getirýärdi. Daragtlaryň ýapraklary milletlere şypa berýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ