Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 30:12 - Mukaddes Kitap

12 Reb şeýle diýýär: «Seniň ýaraňy bejerip bolmaz, derdiň gutulgysyzdyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Реб шейле диййәр: «Сениң яраңы беҗерип болмаз, дердиң гутулгысыздыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 30:12
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Sen olara şu sözi ýetir: „Goý, gözlerimiň ýaşy gije-gündiz kepemesin, çünki boý gyzym – eziz halkym agyr ýaralandy, güýçli zarba sezewar boldy.


Ýahudany bütinleý ret etdiňmi? Siony ýürekden ýigrenýärsiňmi? Näme üçin şypa tapmaz ýaly, bizi beýle ýaraladyň? Biz parahatlyk gözledik, emma haýyr tapmadyk. Şypa wagtyna garaşdyk, emma howp abanýar.


Neçün meniň agyrym dyngysyz? Neçün ýaralaryma şypa ýok? Neçün olary bejerip bolmaýar? Sen meniň üçin suwy ygtybarsyz bulak, aldawçy bir çeşme boljakmy?»


Näme ýaraň üçin perýat edýärsiň? Derdiňe şypa tapylmaz. Ýazygyňyň çökderdigi zerarly, günäleriňiň sansyzdygy sebäpli seni şu güne saldym.


Çeşmeden suw nähili joşýan bolsa, bu şäherden-de pislik şeýle joşýandyr. Içinde eşidilýär zorluk hem zulum, hassalyk hem ýaralar bar görýänim.


Gilgatda melhem ýokmudyr? Ol ýerde tebip ýokmudyr? Onda näme üçin biçäre halkymyň ýarasyna em edilmeýär?


Men saňa näme diýeýin? Eý, Iýerusalim gyzy, seni nämä meňzedeýin? Eý, Sion boý gyzy, teselli berer ýaly, seni nämä deňeşdireýin? Seniň heläkçiligiň deňiz deý ägirt, kim şypa berer saňa?


Onsoň Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bu süňkler bütin ysraýyl halkydyr. Olar: „Süňklerimiz gurady, umydymyz üzüldi; biz bütinleý ýok edildik“ diýýärler».


Efraýym keselini, Ýahuda ýarasyny görende, Efraýym Aşuryň ýanyna gitdi. Beýik patyşadan ýardam isledi. Ýöne ol size şypa berip bilmez, ýaraňyza em etmez.


Samariýanyň ýarasyna em ýok. Ol Ýahuda gelip ýetdi. Halkymyň derwezesine, Iýerusalime baryp ýetdi.


Derdiňe derman bolmaz, ýaralaryň gutulmaz, seniň başyňa gelenini eşiden her kes begenjinden el çarpar. Çünki seniň dynuwsyz zulumyňdan heý, gaçyp gutulan boldumy?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ