Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 30:11 - Mukaddes Kitap

11 Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Мен сениң билендирин, Мен сени халас эдерин. Сени араларына даргадан миллетлеримиң барыны ёк этсем-де, сениң соңуңа чыкмарын. Саңа адалатлы темми берерин, эмма җезасыз-да галдырмарын». Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 30:11
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

«Dawudyň ýanyna bar-da: „Reb seniň öňüňde üç şert goýýar; birini saýla, Ol şony hem amala aşyrjak“ diýip aýt».


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Sekiz kirişli saz guralynda. Dawudyň mezmury.


Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».


Öz hatyram üçin ýazyklaryňyzy öçürýän Mendirin, Men günäleriňizi ýatlamaryn.


Bile maslahat geçirersiňiz, ýöne ol başa barmaz; söz sözlärsiňiz, ýöne ol amala aşmaz, çünki Hudaý biziň bilendir.


Olar seniň garşyňa söweşerler, emma senden üstün çykmazlar. Çünki seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Gazabyň bilen däl-de, adalatyň bilen, ýa Reb, meni terbiýele! Ýogsam meni hiç edersiň.


Men seni bu halk üçin bürünçden berk diwar ederin. Olar seniň garşyňa söweşerler, emma ýeňip bilmezler. Halas etmek, ölümden gutarmak üçin Men seniň bilendirin. Muny Reb aýdýandyr.


Munuň üçin Reb şeýle diýýär: «Tutuş ýurt haraba döner, ýöne Men onuň bütinleý soňuna çykmaryn.


«Üzümçiligiň içinden geçip, ony weýran ediň, emma bütinleý ýok etmäň. Şahalaryny döwüp taşlaň, olar Rebbe degişli däldir.


Men hatda şol günlerde-de seni bütinleý ýok etmerin. Muny Reb aýdýandyr».


Rebbiň sadyk söýgüsi tükenmezdir, çünki Onuň rehimdarlygy bakydyr.


Onsoň şeýle boldy: men pygamberlik edip ýörkäm, Benaýanyň ogly Pelatýa öldi. Men ýüzin ýykyldym, gaty ses bilen: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Sen Ysraýylyň aman galan adamlarynyň hem soňuna çykaýjakmy?» diýip perýat etdim.


Emma Men birnäçäňizi aman galdyraryn. Käbiriňiz milletleriň arasynda gylyçdan gaçyp gutularsyňyz we başga ýurtlara dargadylarsyňyz.


Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.


Emma bu zatlara garamazdan Men olar heniz duşmanlarynyň ýurdundakalar, olary ret edip, olardan ýüz dönderip, bütinleý heläk etmerin we olar bilen eden ähtimi bozmaryn, çünki olaryň Hudaýy Reb Mendirin.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Men seniň bilendirin, hiç kim saňa azar bermez, ýamanlyk etmez, sebäbi bu şäherde Meniň halkymyň sany köpdür».


Çünki Hudaýyňyz Reb rehimli Hudaýdyr. Ol sizi taşlap gitmez ýa-da ýok etmez. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähtini unutmaz.


Reb saňa ýar bolsun! Onuň merhemeti siziň baryňyza ýar bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ