Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 30:10 - Mukaddes Kitap

10 «Gorkma, eý, gulum Ýakup, howatyrlanma, eý, Ysraýyl! Çünki Men seni uzak ýerlerden, nesliňi sürgün bolan ýurtdan halas ederin. Ýakup yzyna dolanyp, dynçlykda hem asudalykda bolar, indi ony hiç kim gorkuzmaz. Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 «Горкма, эй, гулум Якуп, ховатырланма, эй, Ысрайыл! Чүнки Мен сени узак ерлерден, неслиңи сүргүн болан юртдан халас эдерин. Якуп ызына доланып, дынчлыкда хем асудалыкда болар, инди оны хич ким горкузмаз. Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 30:10
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdan we çeken agyr işiňizden azat edende,


Arslan bolmaz ol ýerde, ýyrtyjy haýwan ol ýola çykmaz, olar onda tapylmaz, bu ýoldan diňe halas edilenler ýörärler.


Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.


«Emma indi, eý, bendäm Ýakup, saýlan Ysraýylym, gulak goý!


Seni ýaradan, ýatgyda size şekil beren Men Reb gepleýärin. Gorkma, eý, bendäm Ýakup, ýagny saýlanym Ýeşurun!


Gündogardan bir ýyrtyjy guşy, maksadymy berjaý etjek birini uzak ýurtdan çagyrdym. Bulary aýdan Mendirin, ýerine-de ýetirerin; Men niýet etdim, amala aşyraryn ony.


Men halas etmek üçin ýakyn gelýärin, uzakda däldirin, uzak eglemerin halas edişimi, Siony halas ederin, Ysraýyla şöhratymy bererin.


Ine, olar uzaklardan, käsi demirgazykdan, käsi günbatardan, hatda Sinim ýurdundan gelerler.


Emma Reb şeýle diýýär: «Hawa, güýçliniň ýesirleri yzyna alnar, zalymyň oljasy elinden azat ediler; Men saňa garşy durana garşy durup, çagalaryňy halas ederin.


Gorkma, utanja galmarsyň sen; ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen; ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň, dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.


Sürimiň galanlaryny olary dargadan ähli ýurtlarymdan ýygnaryn, olary gaýtadan agyllaryna getirerin; olar köpelerler, örňärler.


Olara çopanlar goýaryn, olar indi gorkmazlar, heder etmezler we ýitirim bolmazlar. Muny Reb aýdýandyr.


Onuň döwründe Ýahuda halas bolar, Ysraýyl howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar.


Muňa derek: ‘Ysraýyl halkynyň tohum-tijini demirgazyk ýurdundan we dargadan ýurtlaryndan çykaryp getiren Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýiljek günler geler. Olar öz ýurtlarynda ýaşarlar“».


Çünki siziň üçin niýetlän meýillerimi Özüm bilýärin. Muny Reb aýdýandyr. Bular size ýamanlyk etmek däl-de, umytly geljek bermek üçin parahatlyk niýetleridir.


Şonda siz Meni taparsyňyz, muny Men – Reb aýdýandyryn. Men size öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin, sizi kowan ýerlerimiň baryndan, ähli milletleriň arasyndan yzyňyza ýygnaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi nireden sürgün eden bolsam, şol ýere hem gaýtaryp getirerin.


Şol günlerde ýahuda halky ysraýyl halky bilen birleşer. Ikisi birlikde demirgazyk ýurtdan çykyp, Meniň ata-babalaryna mülk edip beren ýurduma geler.


Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“».


Wah, bu nähili gorkunç gün, onuň ýaly gün başga ýokdur. Bu Ýakup üçin aladaly döwürdir, emma ol ondan ýene-de gutular».


Şol günlerde Ýahuda halas bolar, Iýerusalim howpsuz ýaşar. Ony: ‘Reb – biziň Hakperwerimizdir!’ diýip atlandyrarlar“.


Sen-de utanjyňyň ýüküni çek. Nejislik bilen eden günäleriň uýalaryňkydan köpdügi sebäpli olara ýeňil höküm çykartdyň. Olar senden has dogry saýyldylar. Munuň üçin utan we öz utanjyňyň ýüküni çek, çünki sen uýalaryňy akladyň.


Sen: „Goragsyz obalaryň garşysyna çykaýyn, dynç we howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne döküleýin. Olaryň ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok“ diýersiň.


«Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar.


Şol gün olar üçin meýdandaky haýwanlar, asmandaky guşlar, toprakda ýaşaýan süýrenijiler bilen äht edişerin. Ýurtdan ýaýy, gylyjy, söweş goşunlaryny ýok ederin. Aman ýaşadaryn olary.


Men seni wepadarlyk bilen alaryn, sen Meni Reb hökmünde tanarsyň.


Men halkymyň öňki abadançylygyny gaýtaryp berenimde, Seniň üçin jeza güni taýýar bolar, eý, Ýahuda».


Eý, toprak, gorkmagyn, şatlan hem begen. Sebäbi Reb etdi beýik işleri!»


Indi näme üçin möňňürip aglaýaň? Dogurýan aýal ýaly nämä ah çekýäň? Patyşaň ýoklugy üçinmi? Geňeşdaryň heläk bolany üçinmi?


Şol gün siz biri-biriňizi üzüm hem-de injir agaçlaryňyzyň aşagyna oturmaga çagyrarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr“».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ