Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».
Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady».
Şonuň üçin hem, Reb şeýle diýýär: „Nehelamly Şemagýa Men-Rebbiň garşysyna gepländigi üçin ony we onuň neslini jezalandyraryn. Bu halkyň arasynda onuň neslinden ýekeje kişi hem aman galmaz, Meniň Öz halkyma etjek ýagşylygymy görmez. Muny Reb aýdýandyr“».