Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Мен әхли эден зыналары үчин бивепа Ысрайылың талагыны берип, ковуп гойберенимде хем онуң хайын уясы Яхуданың хич горкмандыгыны, гайтам онуң хем лолы болуп, зына эдендигини гөрдүм.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 3:8
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Mundan başga-da, Ýehoram Ýahuda daglygyndaky butlara seždegähleri gurdy. Ol Iýerusalimiň ilatyna Hudaýa biwepalyk etdirip, Ýahudany azdyrdy.


Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy.


Sizi öz pisligiňiz jezalandyrar, dönükligiňiz paş eder. Öz Hudaýyňyz Rebbi terk etmegiň, Ondan gorkmazlygyň pislikdigini, ajydygyny biliň hem görüň. Muny Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb aýdýandyr.


«Aýdaly, bir adam aýalynyň talagyny berýär, ol aýal hem onuň bilen aýrylyşyp, başga birine barýar. Mundan soň ýaňky adam bu aýaly ikinji gezek alarmy? Beýle etse ýurt bütinleý haram bolmazmy? Sen bolsa, eý, Ysraýyl, köp oýnaşlar bilen zyna etdiň. Indi bir Maňa tarap öwrülersiňmi? Muny Reb aýdýandyr.


«Bu halkyň: „Reb Öz saýlan iki taýpasyny-da ret etdi“ diýip aýdýanyny göreňokmy? Olar indi Meniň halkymy kemsidýärler, ony millet hasap etmeýärler.


«Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler.


Gyzlary bilen birlikde seniň demirgazyk tarapyňda ýaşaýan uly uýaň Samariýadyr, gyzlary bilen seniň günorta tarapyňda mesgen tutan kiçi uýaň Sodomdyr.


Sen olaryň ýollaryndan ýöräp, olaryň nejis işlerini etmediňmi? Bu hem az ýaly, öz ýollaryňda olardan hem beter bozuldyň.


Samariýa seniň eden günäleriňiň ýarysyny-da etmedi, emma nejis işleriňde sen olardan geçirdiň, eden ähli nejis işleriň bilen uýalaryňy akladyň.


Olar bir lolynyň ýanyna girilişi ýaly, onuň bilen ýatdylar. Şeýdip, haýasyz aýallar bolan Oholanyň we Oholybanyň ýanyna girdiler.


Şonuň üçin Men ony göwün beren oýnaşlarynyň eline, ýagny aşurlaryň eline berdim.


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


Eger bir adam bir gyza öýlense, ýöne ondan kemçilik tapandygy üçin ony halamasa, onda, goý, ol aýalynyň eline talak hatyny ýazyp bersin we ony öýünden çykaryp goýbersin.


Emma ol aýalyň ikinji adamsy hem halaman, onuň eline talak hatyny berip, öýünden kowsa (ýa-da onuň ikinji baran adamsy ölse),


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ