Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 3:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ёшыя патышаның дөврүнде Реб маңа шейле дийди: «Сен бивепа Ысрайылың эден затларыны гөрдүңми? Хер бир бейик байырда, гүр япраклы хер бир агаҗың астында зына этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 3:6
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular.


Ýoşyýa patyşa bolanda sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi.


Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly, azalyp, boýun egdirilende,


Emma siz, eý, jadygöýiň çagalary, zynagäriň, kemçiniň zürýatlary, golaýrak geliň!


Beýik, uly dagyň üstünde ýerleşdirdiňiz düşegiňizi, gurbanlyk hödür etmäge çykdyňyz ol ýere.


Amon ogly Ýoşyýanyň Ýahudada patyşalygynyň on üçünji ýylynda Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy.


Olar ýene-de sözlerime gulak asmak islemedik ata-babalarynyň etmişlerine tarap dolandylar. Başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk etdiler. Ysraýyl we ýahuda halky özleriniň ata-babalary bilen eden ähtimi bozdular.


Her gür ýaprakly agajyň ýanyndaky we beýik baýyrdaky gurbanlyk sypalary, Aşera butlary olaryň çagalarynyň ýadyndadyr.


Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm.


Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek, eý, biwepa gyz? Reb dünýäde täze zat ýaratdy: aýal goraýar erkegi».


Ysraýyl we ýahuda halklary Maňa bütinleý biwepalyk etdiler». Muny Reb aýdýandyr.


Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler.


Her köçäniň başynda sen özüňe çadyr gurduň, her bir açyk meýdançada seždegäh saldyň. Sen beýleki lolular ýaly bolmadyň, sebäbi muzdy äsgermediň.


Munuň üçin, eý, azgyn aýal, Rebbiň sözüni diňle:


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Aýal dogany Oholyba muny görse-de, göwün bermekde ondan hem azgyndy, zynagärligi uýasynyňkydan-da çökderdi.


Ulusynyň ady Ohola, kiçisiniňki bolsa Oholybady. Olar Meniňki boldular, ogullar we gyzlar dogurdylar. Atlaryna görä Ohola Samariýadyr, Oholyba Iýerusalimdir.


Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy. Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.


Dagyň depesinde gurbanlyk kesýärler, baýyrlarda bolsa sadaka berýärler. Dub, derek hem dagdan agaçlarynyň aşagynda sadaka edýärler. Çünki olaryň kölegesi goýy. Şonuň üçin gyzlaryňyz azgynlyk, gelinleriňiz bolsa zyna edýärler.


Emma olar serdarlara-da gulak asmadylar. Tersine, başga hudaýlara sežde edip, Rebbe biwepalyk etdiler; Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetiren ata-babalarynyň yzyna eýermän, gaýtam olaryň ýolundan juda tiz çykdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ