Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 3:24 - Mukaddes Kitap

24 Ýaşlygymyzdan bäri ata-babalarymyzyň bar zähmetini, olaryň sygyrdyr goýun sürülerini, oguldyr gyzlaryny bihaýa butlar ýuwudyp-ýalmap gelýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Яшлыгымыздан бәри ата-бабаларымызың бар зәхметини, оларың сыгырдыр гоюн сүрүлерини, огулдыр гызларыны бихая бутлар ювудып-ялмап гелйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 3:24
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki hudaýlaryň sany şäherleriň sany bilen deňdir, eý, Ýahuda! Siz Iýerusalimiň köçeleriniň sanyna görä utançly zatlar üçin gurbanlyk sypalaryny, Bagal butuna gurbanlyklar hödür etmek üçin gurbanlyk sypalaryny gurduňyz.


Işiň rowaçka, Men saňa ýüzlendim, ýöne sen: „Diňlemerin“ diýdiň; ýaşlygyňdan bäri ýoluň şu boldy, sözüme hiç gulak asmaýardyň.


Indi bolsa Ysraýylyň Hudaýy, Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: „Näme üçin siz öz başyňyzdan bu ägirt uly betbagtçylygy inderýärsiňiz? Özüňizden soň hiç kim galmaz ýaly, Ýahudadan erkegi, aýaly, çaga-çugany we bäbegi gyryp taşlajaksyňyzmy?


Duşman atlarynyň horruldysy Dandan eşidilýär, bedewleriniň kişňemesinden tutuş ýer ýüzi titreýär. Olar bu ýurdy, onuň içindäki ähli zatlary, şäheri hem onda ýaşaýanlary ýok etmäge geldiler.


Derrew gelip, biziň üçin agy aýtsynlar. Goý, gözlerimiziň ýaşy kepemesin, gabaklarymyzdan sil bolup aksyn».


Saňa beren çöregimi, iýdiren oňat unumy, zeýtun ýagyny we baly hoşboý yslar hökmünde olaryň öňünde goýduň, hawa, şeýle etdiň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy!


Özüňden uly we kiçi uýalaryňy ýanyňa alanyňda, eden etmişleriňi ýatlap utanarsyň. Men olary saňa gyzlyga bererin, emma bu seniň ähtiň boýunça däldir.


Göle beýik patyşa üçin sowgat bolup, Aşura äkidiler. Efraýym masgaralanar, Ysraýyl agaç butundan uýada galar.


Ýöne ol bilmedi, gallany, täze şeraby, täzeje ýagy beren, Bagal butuna harçlan altynyny, kümşüni bol eden Men.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ