Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 3:23 - Mukaddes Kitap

23 Dogrudan-da, depelerden, daglardan gelýän gykylykdyr gowgalar ýalandyr. Hakykatdan hem Hudaýymyz Reb Ysraýyly halas edýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Догрудан-да, депелерден, даглардан гелйән гыкылыкдыр говгалар яландыр. Хакыкатдан хем Худайымыз Реб Ысрайылы халас эдйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 3:23
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.


At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir.


Şol gün Ysraýylyň aman galanlary we Ýakubyň nesilleriniň halas bolanlary mundan beýläk özlerine jeza berýäne däl-de, eýsem tüýs ýürekden Ysraýylyň Mukaddesine bil baglarlar.


Elbetde, Hudaý Halasgärimdir, Oňa bil baglaryn, gorkmaryn men, çünki Reb ýeke-täk güýjümdir, aýdymymdyr, Ol meniň Halasgärim boldy».


Men, diňe Men Rebdirin, Menden başga Halasgär ýokdur.


But ýasaýanlaryň bary biderekdir, olara ýaraýan zatlar peýdasyzdyr, olaryň şaýatlary ne görýär, ne-de zat bilýär. Utanja galdyrylar olar.


Hakykatdan-da, Özüni gizleýän Hudaý Sensiň, eý, Ysraýyl Hudaýy, eý, Halasgär!


Emma Ysraýyly Reb halas etdi, Ol baky halas edýär; asyrlar boýy utanja galmarsyňyz, ryswa edilmersiňiz.


Eý, milletlerden gaçyp gutulanlar, toplanyň, bir ýere toplanyň, birek-birege ýakynlaşyň! Agaç butlary göterip gezýänler, halas edip bilmeýän hudaýdan dileg edýänleriň bilýän zady ýokdur.


Edomdan, Bosradan gyrmyzy eşikli gelýän bu kim? Şöhratly lybas içinde beýik gudrat bilen ýöriş edýän bu kim? «Dabara bilen gepleýän, halas etmäge güýji ýetýän Mendirin!»


Atamyz Sensiň, Ybraýym bizi bilmese-de, Ysraýyl bizi tanamasa-da, ýa Reb, biziň Atamyzsyň Sen, owaldan bäri adyň «Penakärimizdir».


Eý, Ysraýylyň Umydy, hasratly wagtyndaky Halasgäri! Neçün bolýaň bu ýurtda gelmişek ýaly, gijäni geçirmek üçin düşlän ötegçi ýaly?


Ýa Reb, maňa şypa ber, sagalaýyn. Meni halas et, halas bolaýyn, çünki öwgim diňe Sensiň.


Her gür ýaprakly agajyň ýanyndaky we beýik baýyrdaky gurbanlyk sypalary, Aşera butlary olaryň çagalarynyň ýadyndadyr.


Ýoşyýa patyşanyň döwründe Reb maňa şeýle diýdi: «Sen biwepa Ysraýylyň eden zatlaryny gördüňmi? Her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdi.


Çünki Reb şeýle diýýär: «Ýakup üçin begençli aýdym aýdyň, milletleriň baştutany üçin batly gygyryň. Jar ediň, öwgüler aýdyp, şeýle diýiň: „Ýa Reb, halas et halkyňy, Ysraýylyň aman galanlaryny“.


Men olary wada beren ýurduma getirenimde, olar her bir gören beýik baýyrlykda, her bir gür ýaprakly agajyň astynda gurbanlyklaryny hödürlediler. Ol ýerde Meniň gaharymy getirýän sadakalaryny, hoşboý ysly tütetgilerini we içgi sadakalaryny hödür etdiler».


Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».


Siz samariýalylar kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz, biz kime sežde edýänimizi bilýäris, sebäbi halas bolmaklyk ýahudylardan gelýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ