Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 3:21 - Mukaddes Kitap

21 Ýalaňaç gaýalardan bir ses eşidilýär, bu ysraýyl halkynyň agysy hem ahy-nalasydyr. Çünki olar ýollaryny urdurdylar, özleriniň Hudaýy Rebbi unutdylar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Ялаңач гаялардан бир сес эшидилйәр, бу ысрайыл халкының агысы хем ахы-наласыдыр. Чүнки олар ёлларыны урдурдылар, өзлериниң Худайы Ребби унутдылар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 3:21
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, emma Hudaý maňa jeza bermedi.


Sadyklykda gezen aman gezýändir, egri ýoldan ýörän aýan bolýandyr.


Adamy öz akmaklygy ýykýar, ýüreginden bolsa Rebbe gaharlanýar.


Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.


Sen öz Halasgär Hudaýyňy unutdyň, Penakäriň bolan Gaýany ýatlamadyň. Şoňa görä ýakymly ösümlikler ekseň-de, özge ýurtlaň ajaýyp nahallaryny oturtsaň-da,


Meni aldap, ýatlamazyňyz ýaly, ýüregiňizde Maňa ýer bermeziňiz ýaly, kimden eýmendiňiz, kimden gorkduňyz? Uzak wagtlap dymandygym sebäpli Menden gorkmaýarsyňyzmy siz?


Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz.


Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Men – Reb aýdýandyryn, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň.


Emma halkym bolsa Meni terk etdi, biderek hudaýlara tütetgi ýakdy. Bu hudaýlar olaryň gitjek ýollarynda, owalky ýollarda büdremeklerine sebäp boldular. Olar çarkandakly ýoldan ýöräp, dogry ýoly terk etdiler.


Heý-de gyz öz şaý-seplerini, gelin öz kürtesini unudarmy? Emma halkym Meni sansyz günläp unutdy.


Seret, ýalaňaç gaýalara nazar sal! Heý, seniň zyna etmedik ýeriň barmy? Çöldäki garakçylar ýaly ýollaryň gyrasynda oturyp, oýnaşlaryňa garaşdyň. Loluçylygyň hem pisligiň bilen ýurdy harama çykardyň.


Olar aglaý-aglaý gelerler, yzlaryna getirenimde doga okarlar. Olary akar suwlaryň boýy bilen, taýmazlar ýaly tekiz ýoldan ýörederin. Çünki Men Ysraýylyň Atasydyryn, Efraýym-da Meniň nowbaharymdyr.


Eý, ýahuda halky, saçyňy syr-da, ýalaňaç gaýalarda agy aýt. Çünki Reb gazabyny üstüne döken bu neslini terk edip, ony taşlady.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek».


Aman galanlaryň ählisi gaçyp, öz etmişleri zerarly dere gögerçinleri kimin daglarda ahy-nala çekerler.


Meniň naharymdan, olar doýdular. Doýandan soň olar tekepbir boldular. Soň olar Meni unutdylar.


Ysraýyl özüni Ýaradany unutdy. Özüne köşkler gurdy. Ýahuda hem galalary köpeltdi. Ýöne Men olaryň şäherine ot göndererin. Galalaryny ot ýuwudar».


Muňa gulak asyň, eý, adalaty ýigrenip, hakykaty ýoýýan Ýakup nesliniň baştutanlary! Ysraýyl halkynyň ýolbaşçylary!


Rebbiň perişdesi oňa şeýle diýdi: «Näme üçin sen eşegiňi üç gezek urduň? Men duşman hökmünde saňa päsgel bermek üçin çykdym, sebäbi sen Meniň nazarymda gabahat ýoldan barýarsyň.


Çünki Hudaýdan bolan gynanç adamy toba getirip, onuň halas bolmagyna ýardam edýär. Bu toba ökündirýän däldir. Emma dünýäden bolan gynanç ölüme eltýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ