Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 3:18 - Mukaddes Kitap

18 Şol günlerde ýahuda halky ysraýyl halky bilen birleşer. Ikisi birlikde demirgazyk ýurtdan çykyp, Meniň ata-babalaryna mülk edip beren ýurduma geler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Шол гүнлерде яхуда халкы ысрайыл халкы билен бирлешер. Икиси бирликде демиргазык юртдан чыкып, Мениң ата-бабаларына мүлк эдип берен юрдума гелер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 3:18
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Gorkma, Men seniň bilendirin; perzentleriňi gündogardan, seni günbatardan getirerin.


Demirgazyga: „Olary ber“, günorta: „Olary saklama“ diýerin; ogullarymy uzakdan, gyzlarymy ýeriň çetlerinden,


Munuň deregine ysraýyl halkyny demirgazyk ýurtdan, dargadylan beýleki ýurtlardan çykaran Rebden ant içýärin diýjek günleri geler. Çünki Men olary ata-babalaryna beren topragyma gaýtaryp getirerin“.


Muňa derek: ‘Ysraýyl halkynyň tohum-tijini demirgazyk ýurdundan we dargadan ýurtlaryndan çykaryp getiren Rebbiň barlygyndan ant içýärin’ diýiljek günler geler. Olar öz ýurtlarynda ýaşarlar“».


Git-de, bu sözleri demirgazyga jar edip, şeýle diý: „Eý, biwepa Ysraýyl, Maňa dolan! Muny Reb aýdýandyr. Men merhemetlidirin, indi Men saňa gazaply bakmaryn, gaharymy baky saklamaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Çünki halkym Ysraýyl bilen Ýahudanyň öňki abadançylygyny dikeltjek günlerim ýetip gelýär. Muny Reb aýdýandyr. Men olary ata-babalaryna beren ýurduma gaýtaryp getirerin, olar hem ol ýeri eýelärler. Muny Reb aýdýandyr“».


Ine, Men olary demirgazyk ýurdundan getirerin, dünýäniň aňry uçlaryndan ýygnaryn; olaryň arasynda kör, agsak, göwreli we çaga dogurýan hem bolar; olar uly mähelle bolup bu ýere dolanar.


Men aman galdyranlarymy bagyşlaryn. Şol günlerde, şol döwürde Ysraýylyň ýazygy agtarylar, ýöne onuň hiç bir ýazygy bolmaz, Ýahudanyň günäleri agtarylar, ýöne ondan hiç zat tapylmaz. Muny Reb aýdýandyr.


«Şol günlerde, şol döwürde ysraýyl we ýahuda halklary bile gelerler, özleriniň Hudaýy Rebbi agtaryp, aglaý-aglaý gelerler. Muny Reb aýdýandyr.


Olar ýüzlerini Siona tarap öwrüp, oňa gidýän ýoly sorarlar. „Geliň, unudylmajak ebedi äht arkaly Reb bilen birleşeliň“ diýerler.


onda Men sizi bu ýerde, owaldan ata-babalaryňyza baky hem ebedilik beren ýurdumda ýaşadaryn.


Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin.


Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».


Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady. Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär. Mukaddes Bolana sadyk bolýar.


«Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy, teninden azgynlygy aýyrsyn.


Ýahuda neslini kuwwatlandyraryn, Ýusup neslini halas ederin, Men yzyna getirerin olary, çünki olara rehimim indi. Men tarapdan unudylmadyk ýaly bolarlar. Sebäbi olaryň Hudaýy Reb Mendirin; Men olara gulak asaryn.


Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men – Reb aýdýandyryn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ