Olar ýene-de sözlerime gulak asmak islemedik ata-babalarynyň etmişlerine tarap dolandylar. Başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk etdiler. Ysraýyl we ýahuda halky özleriniň ata-babalary bilen eden ähtimi bozdular.
Men ähli eden zynalary üçin biwepa Ysraýylyň talagyny berip, kowup goýberenimde hem onuň haýyn uýasy Ýahudanyň hiç gorkmandygyny, gaýtam onuň hem loly bolup, zyna edendigini gördüm.