Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 3:1 - Mukaddes Kitap

1 «Aýdaly, bir adam aýalynyň talagyny berýär, ol aýal hem onuň bilen aýrylyşyp, başga birine barýar. Mundan soň ýaňky adam bu aýaly ikinji gezek alarmy? Beýle etse ýurt bütinleý haram bolmazmy? Sen bolsa, eý, Ysraýyl, köp oýnaşlar bilen zyna etdiň. Indi bir Maňa tarap öwrülersiňmi? Muny Reb aýdýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Айдалы, бир адам аялының талагыны берйәр, ол аял хем онуң билен айрылышып, башга бирине баряр. Мундан соң яңкы адам бу аялы икинҗи гезек алармы? Бейле этсе юрт бүтинлей харам болмазмы? Сен болса, эй, Ысрайыл, көп ойнашлар билен зына этдиң. Инди бир Маңа тарап өврүлерсиңми? Муны Реб айдяндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 3:1
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň berekedi arkaly olar köpelýär, Ol mal-garalaryny hiç azaltmaýar.


Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


Sen nädip: ‘Men haram däl. Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň? Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör! Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň.


Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip, getirdim Men sizi bereketli ýere. Emma gireniňizde ol ýere, haram etdiňiz siz ülkämi, nejis zada öwürdiňiz mülkümi.


Liwana çyk-da, perýat et. Başanda sesiňi gatalt, Abarymdan perýat et, çünki ähli oýnaşlaryň gyryldy.


«Dolanyň, eý, biwepa perzentler, Men biwepalygyňyza şypa bererin». Halk diýer: «Ine, biz Seniň ýanyňa gelýäris, çünki Hudaýymyz Reb Sensiň!»


Ysraýyl hiç ähmiýet bermedi, daşlara we agaçlara sežde etmek bilen, zyna etdi we ýurdy bütinleý harama çykardy.


Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek, eý, biwepa gyz? Reb dünýäde täze zat ýaratdy: aýal goraýar erkegi».


«Eý, Ysraýyl! Eger dolanmak isleseň, Maňa tarap dolan. Eger azaşmasaň, ýigrenji butlaryňy huzurymdan aýyrsaň, hakykatda, adyllykda we dogrulykda „Diri Rebden ant içýärin!“ diýseň, onda milletler Rebden pata alarlar, Onuň bilen magtanarlar». Muny Reb aýdýandyr.


Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?


Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular.


Daýaw bedenli goňşularyň müsürliler bilen zynagärlik etdiň we Meniň gaharymy getirmek üçin zynagärligiňi artdyrdyň.


Bu işleriň ählisini, utançsyz lolynyň işlerini edeniňde, ýüregiň nähili mejalsyz boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Munuň üçin, eý, azgyn aýal, Rebbiň sözüni diňle:


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.


«Gyjalat beriň ejeňize, gyjalat, çünki ol Meniň aýalym däl; Men hem onuň äri däl; goý, ýüzünden görünýän zynahorlygy, teninden azgynlygy aýyrsyn.


Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.


Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.


Şeýle hem: „Kim aýalyny kowup goýberse, oňa talak hatyny bersin“ diýlendir.


ony atasy öýüniň girelgesine getirsinler-de, galanyň erkekleri daşlap öldürsinler, sebäbi ol atasy öýünde loluçylyk edip, Ysraýylda masgaraçylykly iş edipdir. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň.


Ol aýal öýkeläp, lewiniň ýanyndan öz atasy öýüne, Beýtullaham galasyna gitdi; ol atasy öýünde dört aýlap boldy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ