Çünki Reb şeýle diýýär: „Babyldaky sürgünligiňiziň ýetmiş ýyly dolanda, Men size nazar salaryn. Sizi bu ýere gaýtaryp getirmeklige beren hoş sözümi Men amala aşyraryn.
Ol bize ýesirligiň uzaga çekjekdigi, öýler gurup, olarda ýaşamagymyzy, baglar ekip, olaryň miwesini iýmegimizi aýdyp, bu ýere – Babyla habar ýollady ahyryn’“».
Öýleniň, ogullaryňyz hem gyzlaryňyz bolsun. Ogullaryňyzy öýlendiriň, gyzlaryňyzy durmuşa çykaryň. Olardan-da ogullar we gyzlar dünýä insin. Ol ýerde azalmaň-da, gaýtam köpeliň.
Ol ýerde howpsuz ýaşap, öýler gurarlar, üzüm baglaryny oturdarlar. Daş-töwerekdäki olary ýigrenýänlere hökümler çykaranymdan soň, olar howpsuz ýaşarlar. Şonda olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler».