Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 28:8 - Mukaddes Kitap

8 Mendenem, sendenem öň ýaşap geçen pygamberler köp ýurtlara we beýik patyşalyklara garşy urşy, betbagtlygy, mergini owaldan bäri pygamberlik edipdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Менденем, сенденем өң яшап гечен пыгамберлер көп юртлара ве бейик патышалыклара гаршы уршы, бетбагтлыгы, мергини овалдан бәри пыгамберлик эдипдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 28:8
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn».


Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi».


Ysraýylyň patyşasy Ahap Ýehoşapada şeýle jogap berdi: «Rebden sorap görmäge ýene bir pygamber bar, ol Ýymla ogly Mikaýa, ýöne men ony ýigrenýärin. Ol maňa hiç ýagşy zatlary pygamberlik etmän, gaýtam diňe betbagtçylyk hakynda pygamberlik edýär». Ýehoşapat: «Eý, patyşa, beýle zatlary diliňe alma» diýdi.


Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:


Ýaş ýigitleri ýere ýazar ýaýlary, bäbeklere rehim etmezler, gözleri çagalary gaýgyrmaz.


Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.


Amos şeýle diýdi: «Reb Siondan nagra çekýär, Iýerusalimden sesini eşitdirýär. Çopanlaryň öri meýdanlary solýar, Karmel dagynyň başy guraýar».


Ýunusa Rebbiň sözi ikinji gezek geldi: «Hany bol, Ninewä – şol beýik şähere git-de, Meniň özüňe aýdýanlarymy onuň halkyna ýetir!»


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ