Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 28:6 - Mukaddes Kitap

6 Ýermeýa pygamber şeýle diýdi: «Omyn! Aýdanyň gelsin! Goý, Reb Öz ybadathanasynyň gap-gaçlaryny we sürgüne gidenleriň baryny Babyldan bu ýere yzyna getirip, seniň pygamberlik edip aýdan sözleriňi amala aşyrsyn!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Ермея пыгамбер шейле дийди: «Омын! Айданың гелсин! Гой, Реб Өз ыбадатханасының гап-гачларыны ве сүргүне гиденлериң барыны Бабылдан бу ере ызына гетирип, сениң пыгамберлик эдип айдан сөзлериңи амала ашырсын!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 28:6
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýehoýadanyň ogly Benaýa patyşa jogap berip, şeýle diýdi: «Omyn! Meniň jenabymyň Hudaýy Reb hem şeýle diýsin.


Ysraýyl Hudaýy Rebbe ezelden ebedä çenli alkyşlar bolsun!» Onsoň tutuş halk «Omyn» diýip, Rebbi şöhratlandyrdy.


Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi!


Şeýtseňiz, Men ata-babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermegi ant içip, beren sözümi ýerine ýetirerin’. Ine, görşüňiz ýaly, ony size berdim“». Onsoň men: «Goý, şeýle bolsun, ýa Reb!» diýip jogap berdim.


Men hyzmatyňda çopan bolmakdan gaçmadym. Betbagtlyk gününiň gelmegini-de islemedim. Agzymdan çykýan her bir sözi Özüň bilýänsiň, ýa Reb, ol söz huzuryňda aýandyr.


Ýagşylyga ýamanlyk edilermi? Emma olar janymy almak üçin çukur gazdylar. Gazabyňy olardan sowmak, olara ýagşylyk dilemek üçin, huzuryňda nähili duranymy ýadyňa sal.


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň bu ýerden alyp, Babyla äkiden Rebbiň ybadathanasynyň ähli gap-gaçlaryny iki ýylyň içinde bu ýere yzyna getirerin.


«Şu gün Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň öýüne git-de, Babyl sürgüninden gaýdyp gelen Heldaýdan, Tobyýadan hem-de Ýedaýadan altyn-kümüş ýygna.


Bu nälet getirýän suw seniň içiňe ornap, garnyňy çişirsin, uýat ýeriňi guratsyn!“ Aýal hem „Omyn. Omyn“ diýsin.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn.


Çünki Hudaýyň beren wadalarynyň ählisi Isa Mesih arkaly «hawadyr». Hudaýy şöhratlandyryp aýdýan «omyn» sözümiz-de Isa Mesih arkalydyr.


Men diridirin. Ölüdim, ýöne, ine, indi ebedilik diridirin. Ölümiň-de, ölüler dünýäsiniň-de açary Mendedir.


Ýigrimi dört ýaşuly, dört mahluk ýüzin düşüp: «Omyn! Hudaýa şan-şöhrat bolsun!» diýip, tagtda oturan Hudaýa sežde etdiler.


«Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Sadyk we dogruçyl Şaýat, Hudaýyň ýaradanlarynyň Başy, Omyn diýip Atlandyrylýan şeýle diýýär:


Dört mahluk «Omyn!» diýýärdi, ýaşulular ýüzin düşüp, sežde edýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ