Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 28:4 - Mukaddes Kitap

4 Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Яхуда патышасы Ехоякымың оглы Еконя билен Яхудадан Бабыла сүргүн эдиленлериң әхлисини ызына бу ере гетирерин, чүнки Бабыл патышасының боюнтырыгыны дөверин“. Муны Реб айдяндыр».

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 28:4
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň, doganyňa hyzmat edersiň. Wagt geler, garşylyk görkezersiň. Onuň zulumyndan dynarsyň».


Babyl patyşasy Iýerusalimiň tutuş ilatyny, onuň ähli emeldarlaryny, ähli batyr ýigitlerini, on müň sany adamyny, şeýle hem hünärmentlerini we demirçi ussalaryny ýesir edip äkitdi. Ol ýurtda garyp-gasarlardan başga ýekeje adam hem galdyrmady.


Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.


Negebiň şäherleri ýapyldy, olary açjak ýokdur. Bütin Ýahuda sürgün edildi, tutuşlygyna sürgün edildi.


Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp.


Ölen üçin aglaman, oňa ýas tutman, eýsem sürgüne giden üçin zar-zar aglaň, çünki ol indi öwrülip gelmez, dogduk mekanyny görmez.


Öz barlygymdan ant içýärin, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakyn, sag elimdäki möhür ýüzügi bolaýanam bolsaň, Men seni çykaryp taşlaryn.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.


«Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Bu ýerden babyllylaryň ýurduna sürgün edilen Ýahuda ýesirlerini bu gowy injirler ýaly ýagşy saýaryn.


Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men – Reb aýdýandyryn“.


Şonda Hananýa pygamber Ýermeýanyň boýnundaky boýuntyrygy çykaryp, ony döwdi.


«Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwdüm.


Ýermeýa pygamber sürgündäkileriň arasynda aman galan ýaşululara, ruhanylara, pygamberlere we Nebukadnesaryň Iýerusalimden Babyla äkiden ähli halkyna Iýerusalimden bir hat ýollady.


Bu hat Ýekonýa patyşa bilen onuň ejesi, köşk emeldarlary, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýolbaşçylary, hünärmentler hem-de demirçiler Iýerusalimden sürgün edilenden soň iberildi.


«Ol gün şeýle bolar, Men seniň boýnuňdaky boýuntyrygyňy döwerin, tanaplaryňy gyraryn. Indi kesekiler seni özlerine gul etmezler. Muňa derek sen öz Hudaýyň Rebbe we Onuň Dawudyň neslinden tagtda oturtjak patyşalaryna hyzmat edersiň». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Müsürlileriň guly bolup galmasynlar diýip, sizi Müsürden alyp çykan Hudaýyňyz Reb Mendirin. Sizi olaryň elinden azat edip, başyňyzy dik tutduryp ýöreden Mendirin.


Sizi Aşuryň boýuntyrygyndan azat ederin, gandallaryňyzy kesip taşlaryn».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ