Şol ýylyň, ýagny dördünji ýylyň bäşinji aýynda Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň başlangyjynda gibgonly Azuryň ogly Hananýa pygamber Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylar bilen ähli halkyň öňünde maňa şeýle diýdi:
Ýermeýa pygamber sürgündäkileriň arasynda aman galan ýaşululara, ruhanylara, pygamberlere we Nebukadnesaryň Iýerusalimden Babyla äkiden ähli halkyna Iýerusalimden bir hat ýollady.
Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».
Emma başga hudaýlaryň adyndan sözleýän pygamber ýa-da Meniň buýurmadyk zadymy, hyýanatçylyk edip, Meniň adymdan sözleýän pygamber ölüme höküm ediler“ diýdi.