Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 28:1 - Mukaddes Kitap

1 Şol ýylyň, ýagny dördünji ýylyň bäşinji aýynda Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň başlangyjynda gibgonly Azuryň ogly Hananýa pygamber Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylar bilen ähli halkyň öňünde maňa şeýle diýdi:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шол йылың, ягны дөрдүнҗи йылың бәшинҗи айында Яхуда патышасы Сидкияның патышалыгының башлангыҗында гибгонлы Азурың оглы Хананя пыгамбер Реббиң ыбадатханасындакы руханылар билен әхли халкың өңүнде маңа шейле дийди:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 28:1
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Bir gün patyşa gurbanlyk bermek üçin Gibgona gitdi, çünki esasy seždegäh şol ýerdedi. Süleýman şol ýerde müňlerçe ýakma gurbanlyklaryny beripdi.


Sidkiýa patyşa bolanda ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Hamutal libnaly Ýermeýanyň gyzydy.


Sidkiýa patyşa bolanda ýigrimi bir ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi.


Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.


Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr.


Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Sidkiýanyň şalygynyň başlangyjynda Ýermeýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.


Men Ýahuda patyşasy Sidkiýa hem hut şol sözleri aýdyp, şeýle diýdim: «Boýnuňyza Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, onuň özüne hem halkyna gulluk ediň we diri galyň.


Soňra Iýerusalimdäki Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň ýanyna gelen çaparlaryň üsti bilen Edom, Mowap, Ammon, Sur we Sidon patyşalaryna boýuntyryklar iber.


Onsoň Hananýa ähli halkyň öňünde söz sözläp: «Reb şeýle diýýär: „Men iki ýylyň içinde Babyl patyşasy Nebukadnesaryň boýuntyrygyny ähli milletleriň boýnundan aýryp, şeýle döwerin“» diýdi. Ýermeýa pygamber bolsa öz ýoluna gitdi.


Şeýlelikde, Hananýa pygamber şol ýylyň ýedinji aýynda öldi.


Onsoň Ýermeýa pygamber ruhanylaryň we Rebbiň ybadathanasynda duran ähli halkyň gözleriniň alnynda Hananýa pygamber bilen gepleşdi.


Emma siz: ‘Reb Babylda biziň üçin pygamberler belledi’ diýýärsiňiz.


patyşanyň köşgündäki kätibiň otagyna gitdi. Ähli ýolbaşçylar, Elişama kätip, Şemagýanyň ogly Delaýa, Akboryň ogly Elnatan, Şapanyň ogly Gemarýa we Hananýanyň ogly Sidkiýa hem-de ähli köşk emeldarlary ol ýerde otyrdylar.


Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi.


„Babyl patyşasy siziň üstüňize, bu ýurduň üstüne çozmaz“ diýip, size welilik eden pygamberleriňiz hany nirede?


Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň şalygynyň başlarynda Eýlam hakynda Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Bu Ýahuda patyşasy Sidkiýanyň patyşalygynyň dördünji ýylydy. Mahseýanyň agtygy, Neriýanyň ogly Seraýa patyşanyň baş dolandyryjysydy. Ol Sidkiýa bilen bile Babyla barýarka, Ýermeýa pygamber oňa şu sözi tabşyrypdy.


Olar ‘Rebbiň sözi’ diýip, boş görnüşlere we ýalan pallara uýdular. Olary Reb ýollamady, emma şonda-da sözleriniň amala aşmagyna umyt baglaýarlar.


Olar pisligi bilen patyşasyny, ýalançylygy bilen emeldarlaryny şatlandyrýarlar.


Rebbiň amorlary ysraýyllaryň eline beren güni, Ýeşuwa Reb bilen gepleşdi we ysraýyllaryň gözleriniň alnynda şeýle diýdi: «Eý, Gün, dur, Gibgonyň üstünde! Eý, Aý, dur, Aýalon deräniň üstünde!»


Emma golaýda ýaşaýan Gibgonyň ilaty Ýeşuwanyň Ýeriho we Aý galalaryny näme edendigini eşidenlerinde,


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ