Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 27:9 - Mukaddes Kitap

9 „Şonuň üçin hem siz ‘Babyl patyşasyna gulluk etmäň’ diýýän pygamberleriňizi, palçylaryňyzy, düýş ýorujylaryňyzy, jadygöýleriňizi, müneçjimleriňizi diňlemäň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 „Шонуң үчин хем сиз ‘Бабыл патышасына гуллук этмәң’ диййән пыгамберлериңизи, палчыларыңызы, дүйш ёруҗыларыңызы, җадыгөйлериңизи, мүнечҗимлериңизи диңлемәң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 27:9
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Jadygöýlik bilen meşgullanýan her bir aýaly öldüriň.


Faraon hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler.


Oglum, eger bilimli sözlerden azaşsaň, öwüdi diňlemekden saklanarsyň.


Halk size şeýle diýse: «Pyşyrdaýan we samyrdaýan ruh çagyrýanlara we jadygöýlere ýüz tutuň; halk öwüt-nesihat üçin öz hudaýlaryna, dirileriň adyndan ölülere ýüz tutmaly dälmi näme?» Şeýle diýýänler daň şapagyny görmezler!


Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Özüňize pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek zatlar öwredýärler. Olar Rebbiň agzyndan çykan sözleri däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny sözleýärler.


Meniň adymdan galp pygamberlik edýän pygamberleriň ‘Düýş gördüm, düýş gördüm!’ diýişlerini eşitdim.


Reb şeýle diýýär: „Men ýalan düýşler bilen pygamberlik edýänlere garşydyryn. Olar bu düýşleri aýdyp, ýalan sözleri we boş öwünmeleri bilen Meniň halkymy azdyrýarlar. Olary Men ýollamadym, olara Men tabşyryk bermedim. Olaryň bu halka asla peýdasy ýok“. Muny Reb aýdýandyr.


Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Araňyzdaky pygamberleriňize, palmanlaryňyza özüňizi aldatmaň, siziň üçin görýän düýşlerine gulak asmaň.


Eý, ammon halky, sen hakda görülýän görnüşler biderek, atylýan pallar ýalandyr. Eý, gylyç, ol zalym pisleriň boýnuny çapyp taşla, çünki olaryň soňky güni geldi, ahyrky jezasynyň wagty ýetdi.


Ine, meniň ýatyrkam gören düýşüm: ýeriň ortasynda bir agaç bardy, onuň boýy diýseň gaty belentdi.


Görgürler masgara ediler, palçylar utanja galar. Hudaýdan jogap bolmany üçin, olar uýatdan ýüzlerini örterler».


Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Onuň jadygöýligi köpden bäri hemmäni haýrana goýýardy, şonuň üçin ony dykgat bilen diňlärdiler.


Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir.


ol alamat ýa-da mugjyza ýerine düşse we olar size: „Geliň, keseki hudaýlaryň yzyna eýereliň, olara sygynyp gulluk edeliň“ diýseler,


Siziň kowup çykarjak bu halklaryňyz müneçjimlere we palçylara gulak asýarlar. Hudaýyňyz Reb bolsa, size beýle etmäge rugsat bermeýär.


Ysraýyllar öz öldüren adamlarynyň arasynda Begor ogly Bilgamy hem gylyç bilen öldürdiler, ol palçylyk bilen meşgullanýardy.


Çyralaryňyň yşygy indi ýagty saçmaz, öýlenýän ýigitdir gelniň sesi indi senden eşidilmez. Seniň täjirleriň dünýäniň beýik adamlarydy, seniň jadygöýligiň ähli milletleri ýoldan çykardy.


Emma gorkagyň, imansyzyň, kezzabyň, ganhoryň, zynahoryň, jadygöýüň, butparazyň we hemme ýalançylaryň – ählisiniň paýyna ýanýan kükürtli ot köli düşer. Ikinji ölüm, ine, budur».


Emma «itler», ýagny jadygöýler, zynahorlar, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýüp, ony amal edýänler – bularyň bary şäheriň daşynda galar.


Olar ganhorlyklaryndan, jadygöýliklerinden, azgynlyklaryndan we ogurlyklaryndan dänmediler, toba gelmediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ