Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 27:8 - Mukaddes Kitap

8 Emma haýsy hem bolsa bir millet ýa-da patyşalyk Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etmese, onuň boýuntyrygyny dakynmasa, Men olary bu patyşanyň eli bilen doly ýok edýänçäm, şol milleti gylyç, açlyk we mergi bilen jezalandyraryn. Muny Men – Reb aýdýandyryn“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Эмма хайсы хем болса бир миллет я-да патышалык Бабыл патышасы Небукаднесара гуллук этмесе, онуң боюнтырыгыны дакынмаса, Мен олары бу патышаның эли билен долы ёк эдйәнчәм, шол миллети гылыч, ачлык ве мерги билен җезаландырарын. Муны Мен – Реб айдяндырын“.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 27:8
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Özlerine hem ata-babalaryna beren ýurdumdan doly ýok bolýançalar üstlerine gylyç, açlyk, mergi ibererin“».


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Emma Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny dakynyp, oňa gulluk eden milleti öz topragynda goýaryn. Olar topragy bejerip, ol ýerde ýaşarlar. Muny Reb aýdýandyr“».


Reb Babyl patyşasyna gulluk etmejek her bir milletiň öljekdigini aýtdy ahyryn. Näme, sen hem öz halkyň bilen gylyçdan, açlykdan, mergiden ölmekçimi?


Çünki Ysraýyl Hudaýy Men Hökmürowan Reb bu milletleriň hemmesi Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etsinler diýip, boýnuna demir boýuntyryk saldym, olar oňa gulluk ederler. Onuň ygtyýaryna hatda ýabany haýwanlary-da berdim“».


Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýa bilen Ýahudadan Babyla sürgün edilenleriň ählisini yzyna bu ýere getirerin, çünki Babyl patyşasynyň boýuntyrygyny döwerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men olaryň üstüne gylyjy, açlygy, mergini ýollaryn. Olary iýip bolmaýan çüýrük injirler kimin ederin.


Olary gylyç, açlyk, mergi bilen kowalap, ýer ýüzündäki ähli patyşalyklar üçin howp salaryn. Dargadyp goýberen ähli milletlerimiň arasynda olary gargyşa, howpa, ryswaçylyga we käýinje öwrerin.


Ahykamyň ogly, Şapanyň agtygy Gedalýa olara we olaryň goşunyna ant içip, şeýle diýdi: «Babyllylara gulluk etmekden gorkmaň. Ýurtda galyp, Babyl patyşasyna gulluk ediň. Şonda özüňize oňat bolar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Iýerusalimdäki ynsanlary we haýwanlary ýok etmek üçin üstlerine dört agyr hökümimi: gylyç, açlyk, ýyrtyjy haýwanlar we mergi ýollanymda, olaryň ýagdaýy has çökder bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ