Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 27:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýurdunyň soňy gelýänçä, ähli milletler onuň özüne, ogluna we agtygyna gulluk ederler. Soňra bolsa, köp milletler we beýik patyşalar ony özlerine gul ederler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Юрдуның соңы гелйәнчә, әхли миллетлер онуң өзүне, оглуна ве агтыгына гуллук эдерлер. Соңра болса, көп миллетлер ве бейик патышалар оны өзлерине гул эдерлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 27:7
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Janymyň kastyndakylar duzak gurýarlar; meniň zelelimi gözleýänler meni ýykmak hakda gürrüň edýärler; uzakly gün hile gurmagy niýet edýärler.


Babyl hakda Amozyň ogly Işaýa aýanlyk arkaly gelen pygamberlik:


Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine, öz söweş arabalaryny tirkäp. „Ýykyldy, Babyl ýykyldy; onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy, owradyldy“» diýip jogap berdi ol.


„Olar Babyla äkidiler, olara gaýtadan nazar saljak günüme çenli, şol ýerde galar. Onsoň Men olary çykaryp, bu ýere gaýtaryp getirerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi:


Reb şeýle diýýär: „Ýahuda patyşasy Sidkiýany janynyň kastyna çykan duşmany Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berşim ýaly, Müsür patyşasy faraon Hoprany-da janynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin“».


Babyl patyşasy Nebukadnesaryň uruşmak üçin Müsür ýurduna geljekdigi barada Ýermeýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:


Ýahuda patyşasy Ýehoýakynyň sürgünliginiň otuz ýedinji ýylynda Ewilmerodak Babyla patyşa boldy. Ol şol ýylyň on ikinji aýynyň ýigrimi bäşinde Ýahuda patyşasy Ýehoýakyna ýagşylyk edip, ony tussaglykdan boşatdy.


Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.


Eý, siziň alyhezretiňiz, siz şalaryň şasysyňyz. Gögüň Hudaýy saňa şalyk, güýç, gudrat we şöhrat berdi.


Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküz ýaly ot iýersiň, gögüň çygy bilen ýuwnarsyň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar.


Algydarlaryňyz bir gün duýdansyz peýda bolup, oýanyp, sizi gorkudan titretmezlermi? Onsoň siz olara olja bolarsyňyz.


Köp milletleri talandygyňyz üçin, ynsanlaryň ganyny döküp, ýurda, şäherlere we ilatyna sütem edendigiňiz üçin, halklaryň aman galanlary sizi talarlar.


Onuň yzyndan uçup gelýän ikinji perişde şeýle diýýärdi: «Ýykyldy! Beýik Babyl ýykyldy! Öz azgyn hyjuwlarynyň şerabyny ähli milletlere içirdi».


Beýik şäher üç bölek boldy. Milletleriň şäherleri weýran boldy. Hudaý Babyl şäherini ýada salyp, gahar-gazabyndan doly şeraply käsesinden bu şähere içirdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ