Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 27:6 - Mukaddes Kitap

6 Indi bu ýurtlaryň baryny Babyl patyşasy bendäm Nebukadnesara berdim. Hyzmat etsinler diýip, ýabany haýwanlary-da oňa berdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Инди бу юртларың барыны Бабыл патышасы бендәм Небукаднесара бердим. Хызмат этсинлер дийип, ябаны хайванлары-да оңа бердим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 27:6
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Ýehoýakyn bilen mähirli bolup, tagtyny özi bilen Babyla sürgün edilen başga patyşalaryň tagtlaryndan ýokarda goýdy.


Pars patyşasy Kureş şeýle diýýär: «Gögüň Hudaýy Reb ýer ýüzündäki ähli patyşalyklary maňa berdi we Ýahudanyň Iýerusalim şäherinde Özüne ybadathana gurmagy maňa emr etdi. Araňyzda Hudaýyň halkyndan bolanyňyz bar bolsa, ýurduňyza dolanyň. Hudaýyňyz Reb size ýar bolsun!»


Kureşe: „Meniň çopanymdyr, bar maksatlarymy ol amala aşyrar“, Iýerusalime: „Täzeden gurlar“, ybadathana: „Düýbüň tutular“» diýýän Reb Mendirin.


Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.


Seni janyňyň kastyndakylaryň, gorkýan adamlaryňyň eline, Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen babyllylaryň eline bererin.


Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi.


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Çünki Ysraýyl Hudaýy Men Hökmürowan Reb bu milletleriň hemmesi Babyl patyşasy Nebukadnesara gulluk etsinler diýip, boýnuna demir boýuntyryk saldym, olar oňa gulluk ederler. Onuň ygtyýaryna hatda ýabany haýwanlary-da berdim“».


Onsoň olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men Babylyň patyşasy bendäm Nebukadnesary bu ýere getirip, tagtyny bu gömen daşlarymyň üstünde guraryn. Nebukadnesar öz şa çadyryny bu daşlaryň üstünde diker.


«Eý, Hasoryň ilaty! Gaçyň, uzaklara gidiň, bukularda gizleniň! Muny Reb aýdýandyr. Çünki Babyl patyşasy Nebukadnesar siziň garşyňyza karar kabul etdi, siziň garşyňyza dildüwşük gurady.


Men Müsüri haraba öwrülen ýurtlaryň hem iň harabasyna öwrerin, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolup, kyrk ýyllap haraba bolup ýatar. Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň arasyna dargadaryn».


Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.


Emma onuň köküni we damaryny daşyna demir we bürünç aýlap, meýdan otlarynyň arasynda goýuň. Goý, ol gögüň çygy bilen ýuwunsyn. Çöl haýwanlary bilen birlikde ýerdäki otlardan paý alsyn.


Sen ynsanlar arasyndan kowlup, ýabany haýwanlar bilen ýaşarsyň. Öküz ýaly ot iýersiň, gögüň çygy bilen ýuwnarsyň. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we ony Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçäň, seniň üstüňden ýedi pasyl aýlanar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ